Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Kaýsar Tiberiusyň häkimliginiň on bäşinji ýylynda, Pontius Pilatus Ýahudanyň häkimikä, Hirodes Jelile tetrarhy, onuň dogany Filipus Iturea we Trahonitis welaýatynyň tetrarhy, Lisaniýas Abiliniň tetrarhydy. |
| 2 |
| Hanna bilen Kaýafa hem baş ruhanydy. Şonda çölde Zekerýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi. |
| 3 |
| Ol Iordanyň töweregindäki bütin ýurtlara aýlanyp, günäleriň ötülmegi üçin toba edip çokundyrylmagy wagyz edýärdi. |
| 4 |
| Şonuň ýaly-da, Işaýa pygamberiň kitabynda ýazylgydyr: «Çölde gygyrýanyň sesi: Rebbiň ýoluny taýýarlaň, Onuň ýodalaryny dogrulaň. |
| 5 |
| Her dere doldurylar, her dag, depe peseldiler, egri ýollar dograldylar, çarkandakly ýollar tekizlener. |
| 6 |
| Bütin adamzat Hudaýyň gutaryşyny görer». |
| 7 |
| Ýahýa çokundyryljak bolup ýanyna gelýän halaýyga şeýle diýýärdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçmagy size kim salgy berdi? |
| 8 |
| Indi, toba mynasyp miweler öndüriň. Içiňizden: „Biziň atamyz Ybraýymdyr\ diýip başlamaň. Çünki men size aýdýaryn: Hudaý Ybraýyma şu daşlardan-da perzent ýaratmagy başarýandyr. |
| 9 |
| Palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän agaç kesilip, oda taşlanar». |
| 10 |
| Halaýyk ondan: «Onda, biz näme etmeli?» diýip sorady. |
| 11 |
| Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Azykly hem şonuň ýaly etsin» diýdi. |
| 12 |
| Salgytçylar-da çokundyrylmak üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli!» diýdiler. |
| 13 |
| Ýahýa olara: «Özüňize bellenenden artyk almaň» diýdi. |
| 14 |
| Esgerler-de: «Onda, biz näme etmeli?» diýip, ondan soradylar. Olara: «Hiç kimi talamaň, hiç kime töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi. |
| 15 |
| Halk garaşyp durka, hemmesi Ýahýa hakda öz içlerinden: «Bu Mesihmikä?» diýip oýlanýardylar. |
| 16 |
| Ýahýa hemmesine şeýle diýdi: «Men sizi suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden güýçli Biri geler. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem ot bilen çokundyrar. |
| 17 |
| Onuň küregi elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürip, samany sönmez otda ýakar». |
| 18 |
| Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi. |
| 19 |
| Emma Hirodes tetrarh doganynyň aýaly Hirodiýa üçin we öz eden ähli erbet işleri üçin, Ýahýanyň käýinjine sezewar bolany zerarly, |
| 20 |
| bu ähli erbetlikleriň üstüne Ýahýany zyndana salmaklygy hem goşdy. |
| 21 |
| Bütin halk çokundyrylyp ýörkä, Isa-da çokundyryldy. Ol doga edip otyrka, Gök açylyp, |
| 22 |
| Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi. Gökden: «Sen Meniň söýgüli Oglumsyň. Men senden köp razydyryn» diýen owaz geldi. |
| 23 |
| Isa Öz hyzmatyna başlan wagty otuz ýaşlaryndady, çak edilişine görä, Ýusup ogly, Eli ogly, |
| 24 |
| Mattat ogly, Lewi ogly, Melki ogly, Ýannaý ogly, Ýusup ogly, |
| 25 |
| Mattatýa ogly, Amos ogly, Nahum ogly, Esli ogly, Naggaý ogly, |
| 26 |
| Maat ogly, Mattatýa ogly, Semeýn ogly, Ýoseh ogly, Ýoda ogly, |
| 27 |
| Ýoanan ogly, Risa ogly, Zerubabel ogly, Şealtiýel ogly, Neri ogly, |
| 28 |
| Melki ogly, Addi ogly, Kosam ogly, Elmadam ogly, Er ogly, |
| 29 |
| Ýeşu ogly, Elizer ogly, Ýorim ogly, Mattat ogly, Lewi ogly, |
| 30 |
| Simun ogly, Iuda ogly, Ýusup ogly, Ýonam ogly, Elýakim ogly, |
| 31 |
| Melea ogly, Menna ogly, Mattata ogly, Natan ogly, Dawut ogly, |
| 32 |
| Ýesse ogly, Obed ogly, Boaz ogly, Salmon ogly, Nahşon ogly, |
| 33 |
| Aminadap ogly, Ram ogly, Hesron ogly, Peres ogly, Iuda ogly, |
| 34 |
| Ýakup ogly, Yshak ogly, Ybraýym ogly, Teraz ogly, Nahor ogly, |
| 35 |
| Seruh ogly, Reu ogly, Peleg ogly, Eber ogly, Şela ogly, |
| 36 |
| Kainan ogly, Arfakşad ogly, Sam ogly, Nuh ogly, Lamek ogly, |
| 37 |
| Metuşelah ogly, Hanok ogly, Ýared ogly, Mahalaleýel ogly, Kainan ogly, |
| 38 |
| Enoş ogly, Şit ogly, Adam ogly, Hudaý ogludy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/003.mp3
24
3