Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa Mukaddes Ruh bilen dolup, Iordandan yzyna öwrüldi. Ruh ony çöle äkitdi. |
| 2 |
| Iblis Isany kyrk günläp synady. Ol bu günleriň dowamynda hiç bir zat iýmän, olar ötende bolsa ajykdy. |
| 3 |
| Iblis Oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşa çörek bol diýip buýur» diýdi. |
| 4 |
| Isa oňa şeýle jogap berdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň her sözi bilen hem ýaşaýandyr \ diýip ýazylgydyr» diýdi. |
| 5 |
| Iblis Ony bir belent ýere çykaryp, bir salymyň içinde dünýäniň bütin patyşalyklaryny görkezip, |
| 6 |
| şeýle diýdi: «Men Saňa şularyň hemmesiniň ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men olary islänime berip bilýärin. |
| 7 |
| Sen maňa sežde etseň, bularyň bary Seniňki bolar». |
| 8 |
| Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň ýanymdan güm bol, şeýtan! Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et diýip ýazylgydyr». |
| 9 |
| Iblis Ony Iýerusalime eltdi, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak zyň. |
| 10 |
| Sebäbi: „Ol Sen hakda Öz perişdelerine Seni gorasynlar diýip buýruk berer\. |
| 11 |
| „Olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler\ diýip ýazylgydyr». |
| 12 |
| Isa oňa: «„Öz Hudaýyň Rebbi synama\ diýlendir» diýdi. |
| 13 |
| Iblis bütin synaglary gutarandan soň, birnäçe wagtlap Onuň ýanyndan aýrylyp gitdi. |
| 14 |
| Isa Ruhuň güýji bilen Jelilä öwrüldi. Ol hakdaky gürrüňler bütin şol töwereklere ýaýrady. |
| 15 |
| Ol hemmeler tarapyndan hormatlanyp, olaryň sinagogalarynda sapak berýärdi. |
| 16 |
| Isa Öz önüp-ösen ýeri bolan Nasyra geldi. Endigi boýunça Sabat güni sinagoga bardy we Mukaddes Ýazgylardan okamak üçin, ýokary turdy. |
| 17 |
| Oňa Işaýa pygamberiň kitaby berildi. Ol hem kitaby açyp, şu sözleriň ýazylan ýerini tapdy: |
| 18 |
| «Rebbiň Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi; Meni tussaglara azatlygy, körlere gözleriniň açylmagyny yglan etmäge, zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, |
| 19 |
| Rebbiň merhemet ýylyny yglan etmäge iberdi». |
| 20 |
| Onsoň kitaby ýapyp, yzyna ― hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň hemmesiniň gözi Oňa dikildi. |
| 21 |
| Ol bolsa olara gürrüň bermäge durdy: «Siziň eşiden bu ýazgyňyz şu gün berjaý boldy». |
| 22 |
| Hemmeler Ony taryplap, Onuň agzyndan çykýan mähirli sözlere täsin galyp: «Bu Ýusubyň Ogly dälmi?» diýişýärdiler. |
| 23 |
| Isa olara şeýle diýdi: «Siz, hökman, Maňa „Tebip, özüňe em et!\ diýen nakyly aýdarsyňyz, „Kapernaumda bolanyny eşiden zatlarymyzy şu ýerde, Öz ýurduňda-da et\ diýersiňiz». |
| 24 |
| Ol ýene şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn: hiç bir pygamber öz ýurdunda kabul edilýän däldir. |
| 25 |
| Size dogrusyny aýdýaryn: Ylýasyň zamanynda Ysraýylda birtopar dul hatyn bardy. Gök üç ýyl alty aýlap baglanyp, bütin ýurda açlyk düşende, |
| 26 |
| Ylýas olaryň hiç biriniň ýanyna iberilmän, diňe Saýdadaky Sarepta şäherinde bolan bir dul hatynyň ýanyna iberildi. |
| 27 |
| Elişa pygamberiň zamanynda-da Ysraýylda birtopar heýwere keselli adam bardy. Ýöne siriýaly Naamandan başga olaryň hiç biri tämiz bolmady». |
| 28 |
| Bu sözleri eşidenlerinde, sinagogadakylaryň hemmesi gahar-gazaba mündüler. |
| 29 |
| Turup, Ony şäherden kowdular, şäherleriniň ýerleşen dagynyň başyna eltip, şol ýerden aşak zyňjak boldular. |
| 30 |
| Emma Isa olaryň arasyndan geçip, ýola rowana boldy. |
| 31 |
| Isa Jeliläniň bir şäheri bolan Kapernauma geldi. Sabat günlerinde halka sapak bererdi. |
| 32 |
| Halk Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Onuň sözi erk-ygtyýarlydy. |
| 33 |
| Sinagogada arwah-jynly bir adam bardy. Ol batly ses bilen gygyryp, şeýle diýdi: |
| 34 |
| «Goý, biziň bilen näme işiň bar, eý, Nasyraly Isa? Bizi heläk etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň». |
| 35 |
| Isa oňa käýäp: «Sesiňi çykarma-da, çyk!» diýdi. Jyn hem ol adamy sinagoganyň ortasynda ýere ýykdy-da, hiç bir zyýan ýetirmän, ondan çykdy. |
| 36 |
| Hemmeler haýran galyşyp, biri-birlerine: «Bu nähili söz? Ol ygtyýar hem gudrat bilen al-arwahlara buýruk berýär. Olar hem çykýarlar» diýişdiler. |
| 37 |
| Ol hakdaky gürrüň şol töwerekleriň hemme ýerine ýaýrady. |
| 38 |
| Isa sinagogadan çykyp, Simunyň öýüne bardy. Simunyň gaýynenesini agyr gyzzyrma tutup ýatyrdy. Ol hakda Isa haýyş etdiler. |
| 39 |
| Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi. Gyzzyrma ondan aýrylyp, ol derrew ör turdy-da, olara hyzmat etmäge durdy. |
| 40 |
| Gün ýaşanda, dürli syrkawçylyklary bar adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Isa hem ellerini her biriniň üstüne goýup, olary sagaltdy. |
| 41 |
| Köpüsinden jynlar: «Sen Hudaýyň Ogly Mesihsiň!» diýip, gygyryşyp çykýardy. Isa hem käýäp, olary gepletmeýärdi. Çünki Onuň Mesihdigini bilýärdiler. |
| 42 |
| Daň atanda, Isa çykyp bir ýere gitdi. Ýöne halaýyk Ony gözläp, ýanyna geldi, ol ýerden gitmez ýaly, olar Isany alyp galjak boldular. |
| 43 |
| Isa olara şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny Men beýleki şäherlere-de bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim». |
| 44 |
| Şeýdip, Ol Jeliläniň sinagogalarynda wagyz edýärdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/004.mp3
24
4