Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy. |
| 2 |
| Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdular. |
| 3 |
| Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan ýerinden halka sapak bermäge durdy. |
| 4 |
| Sözüni gutaranda Simuna: «Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň» diýdi. |
| 5 |
| Simun Oňa şeýle diýdi: «Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn». |
| 6 |
| Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tutdular welin, torlary ýyrtylyp ugrady. |
| 7 |
| Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. |
| 8 |
| Simun Petrus muny görende: «Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!» diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy. |
| 9 |
| Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi ― |
| 10 |
| Simunyň ýoldaşlary bolan Zebedeýiň ogullary, Ýakup bilen Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň» diýdi. |
| 11 |
| Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler. |
| 12 |
| Isa şäherleriň birindekä, tutuş endamy heýwere keselli bir adam geldi. Ol Isany görende, ýüzüni ýere berip, Oňa: «Ýa Reb, isleseň, meni tämiz edip bilersiň» diýip ýalbardy. |
| 13 |
| Isa hem elini uzadyp: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi-de, oňa elini degirdi. Heýwere keseli derrew ol adamdan aýryldy. |
| 14 |
| Isa oňa: «Muny hiç kime aýtma» diýip tabşyrdy-da: «Ýöne bar-da, özüňi ruhana görkez, hemmelere güwälik bolar ýaly, tämizligiň üçin Musanyň tabşyrygy boýunça gurban bagyş et» diýdi. |
| 15 |
| Isa hakdaky gürrüňler barha ýaýraýardy. Isany diňlejek, syrkawlyklaryndan açyljak bolup, Onuň ýanyna uly märekeler ýygnanýardy. |
| 16 |
| Emma Ol çöllere çykyp doga edýärdi. |
| 17 |
| Bir gün Isa sapak berip otyrdy. Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen kanunçylar -da şol ýerde otyrdylar. Rebbiň gudraty Onuň syrkawlara şypa berşinde özüni görkezýärdi. |
| 18 |
| Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdiler. Ony içerik salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular. |
| 19 |
| Emma märeke zerarly içerik salmak üçin ýol tapman, öýüň üstüne çykyp, üçegiň arasyndan ony düşegi bilen orta ― Isanyň öňüne düşürdiler. |
| 20 |
| Ol hem olaryň imanyny görüp: «Eý adam, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. |
| 21 |
| Kanunçylar bilen fariseýler: «Hudaýa dil ýetirýän bu adam kim? Günäleri Hudaýdan başga kim ötüp biljek?» diýip, içlerini gepletmäge başladylar. |
| 22 |
| Emma Isa olaryň nämä oýlanýanyny bilip, olara şeýle diýdi: «Näme içiňizi gepledýärsiňiz? |
| 23 |
| Haýsy aňsat, „Günäleriň ötüldi\ diýmekmi ýa-da „Tur, ýöre\ diýmek? |
| 24 |
| Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge ygtyýarynyň bardygyny biler ýaly...» diýdi-de, ysmaz bolan adama: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe git» diýdi. |
| 25 |
| Ol hem derrew olaryň gözleriniň alnynda ör turup, düşegini aldy-da, Hudaýy şöhratlandyryp, öýüne gitdi. |
| 26 |
| Hemmeler haýran galyşyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar, gorky bilen dolup: «Bu gün geň zatlar gördük» diýişdiler. |
| 27 |
| Isa daşaryk çykanda, gümrükhanada oturan Lewi atly salgytçyny gördi. Ol oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. |
| 28 |
| Ol hem bar zady taşlap, turdy-da, Onuň yzyna düşdi. |
| 29 |
| Lewi öz öýünde Isa üçin bir uly zyýapat berdi. Saçagyň başynda olar bilen oturan birtopar salgytçy we başga köp adam bardy. |
| 30 |
| Fariseýler bilen olaryň kanunçylary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler. |
| 31 |
| Isa olara: «Tebip saglara däl-de, syrkawlara gerekdir. |
| 32 |
| Men dogry adamlary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi. |
| 33 |
| Olar hem Oňa şeýle diýdiler: «Näme üçin Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan oraza tutup, doga edýärler, fariseýleriňki hem şeýle, ýöne Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler?» |
| 34 |
| Isa şeýle jogap berdi: «Giýew ýanlaryndaka, siz toýdakylara oraza tutduryp bilersiňizmi? |
| 35 |
| Emma giýewiň olaryň ýanyndan alynjak günleri geler, olar şonda, şol günlerde oraza tutarlar». |
| 36 |
| Isa olara bir tymsal aýtdy: «Hiç kim täze eşikden bir bölek ýyrtyp alyp, köne eşige ýamalyk etmez. Ýogsa, ol täzäni ýyrtar hem-de täzeden alnan ýamalyk köne eşige gelişmez. |
| 37 |
| Hiç kim-de täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa, täze şerap meşikleri ýaryp, daşary döküler, meşikler zaýalanar. |
| 38 |
| Täze şerap täze meşiklere guýulmalydyr. Şeýlelikde, ikisi-de aman galar. |
| 39 |
| Hiç kim-de köne şeraby içensoň täzäni küýsemez, çünki „Könesi oňat\ diýer». |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/005.mp3
24
5