Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa bu sözleri halka eşitdirip bolandan soň, Kapernauma bardy. |
| 2 |
| Bir ýüzbaşynyň eziz görýän hyzmatkäri syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. |
| 3 |
| Ýüzbaşy Isa baradaky gürrüňleri eşidende, baryp, hyzmatkärini sagaltmagy Ondan haýyş etsinler diýip, ýehudylaryň birnäçe ýaşulusyny Onuň ýanyna iberdi. |
| 4 |
| Olar hem Isanyň ýanyna gelenlerinde, Oňa çyny bilen ýalbaryp, şeýle diýdiler: «Ol muny etmegiňe mynasypdyr. |
| 5 |
| Çünki ol biziň milletimizi söýýär, sinagogany -da bize şol salyp berdi». |
| 6 |
| Isa olar bilen bile gitdi. Ol onuň öýüne golaýlanda, ýüzbaşy dostlaryny iberip, Oňa şeýle diýdi: «Ýa Reb, zähmet çekme. Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. |
| 7 |
| Şonuň üçin hem men özümi Seniň ýanyňa gelmäge mynasyp görmedim, ýöne bir söz aýt, meniň hyzmatkärim sagalar. |
| 8 |
| Çünki men bir gol astyndaky adam, meniň gol astymda hem esgerler bar, birine: „Git\ diýýärin, gidýär, ýene birine: „Gel\ diýýärin, gelýär, hyzmatkärime: „Şuny et\ diýýärin, edýär». |
| 9 |
| Isa muny eşidende, oňa haýran galdy, yzyna düşüp gelýän halaýyga ýüzlenip, şeýle diýdi: «Size diýýärin: Men hatda Ysraýylda-da beýle imany göremok». |
| 10 |
| Iberilenler öýe gaýdyp gelenlerinde, syrkaw hyzmatkär sagalan eken. |
| 11 |
| Ertesi Isa Nain diýen şähere gitdi. Şägirtleriniň köpüsi we uly märeke hem Onuň bilen bile gitdi. |
| 12 |
| Isa şäheriň derwezesine golaýlanda, ine, bir ölini ugradyp barýardylar. Ol dul galan ejesiniň ýalňyz ogludy. Şäher halkynyň birtopary hem aýalyň ýanyndadylar. |
| 13 |
| Reb enäni görende, oňa haýpy gelip: «Aglama!» diýdi. |
| 14 |
| Baryp tabyda elini degirdi, gölegçiler hem durdular. Ol diýdi: «Eý, ýaş ýigit! Saňa diýýärin, tur!» |
| 15 |
| Öli ýerinden galyp oturdy-da, geplemäge başlady. Isa ony enesine gowşurdy. |
| 16 |
| Hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Aramyzda bir uly pygamber peýda bolupdyr, Hudaý Öz halkyny idemäge gelipdir» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. |
| 17 |
| Isa hakdaky bu gürrüň bütin Ýahuda, dumly-duşa ýaýrady. |
| 18 |
| Ýahýanyň şägirtleri bularyň ählisini oňa habar berdiler. |
| 19 |
| Ýahýa-da öz şägirtlerinden ikisini ýanyna çagyryp, Rebden: «Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy!» diýip soramaga Onuň ýanyna iberdi. |
| 20 |
| Olar Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Çokundyryjy Ýahýa bizi Seniň ýanyňa: „Sen şol geljek Mesihmi ýa biz başga birine garaşmalymy?\ diýip soramaga iberdi». |
| 21 |
| Edil şol wagt Isa birtopar adamlary syrkawlyklardan, dertlerden we erbet ruhlardan sagaltdy. Köp körleriň gözüni açdy. |
| 22 |
| Şeýlelikde, Ol olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. |
| 23 |
| Men sebäpli büdremedik bagtlydyr!» |
| 24 |
| Ýahýanyň iberen adamlary gidenden soň, Isa halaýyga Ýahýa hakda gürrüň bermäge durdy: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýeliň yraýan gamşynymy? |
| 25 |
| Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Nepis eşikler geýnip, zowky-sapada ýaşaýanlar patyşalaryň köşklerindedir. |
| 26 |
| Eýsem, näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, size aýdýaryn: ol pygamberden hem artykdyr. |
| 27 |
| „Ine, Men Öz habarçymy Seniň öňüňden iberýärin. Ol öňden gidip, Seniň ýoluňy taýýarlar\ diýip ýazylan şudur. |
| 28 |
| Size diýýärin: aýaldan doglanlaryň arasynda Çokundyryjy Ýahýadan uly pygamber ýok, ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň kiçi hem ondan uludyr». |
| 29 |
| Ony diňlän bütin halaýyk hem salgytçylar Hudaýyň ýoluny oňladylar. Sebäbi Ýahýa tarapyndan çokundyryldylar. |
| 30 |
| Ýöne fariseýler bilen kanunçylar onuň tarapyndan çokundyrylman, Hudaýyň özleri hakdaky niýetinden boýun gaçyrdylar. |
| 31 |
| Şonda Isa olara şeýle diýdi: «Bu nesliň adamlaryny Men kime meňzedeýin? Olar kime meňzeýär! |
| 32 |
| Olar bazar ýerinde oturyp, öz ýoldaşlaryna: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz, agy etdik, aglamadyňyz\ diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. |
| 33 |
| Çünki Çokundyryjy Ýahýa geldi, ol ne çörek iýýär, ne-de şerap içýär, siz bolsa oňa „jynly\ diýýärsiňiz. |
| 34 |
| Ynsan Ogly geldi, iýýär hem içýär, siz: „Ine, horan, arakhor, salgytçy, günäkärleriň dosty\ diýýärsiňiz. |
| 35 |
| Ýöne akyldarlyk özüniň ähli çagalary tarapyndan tassyklandy». |
| 36 |
| Fariseýlerden biri Isadan özi bilen bile nahar iýmegini haýyş etdi. Ol hem ýaňky fariseýiň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. |
| 37 |
| Ol şäherde bir günäkär aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýünde saçak başynda oturandygyny eşidende, bir ak mermer gapda atyr ysly ýag getirdi. |
| 38 |
| Ol aýal yzda, Isanyň aýagyna ýakyn durup, aglap, gözýaşlary bilen Onuň aýagyny ýuwmaga durdy. Onsoň öz saçy bilen süpürip, aýaklaryndan öpüp, ysly ýag bilen ýaglady. |
| 39 |
| Isany öýüne çagyran fariseý muny görende: «Bu Adam pygamber bolsa, onda Özüne elini degirýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal bir günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi. |
| 40 |
| Isa oňa: «Simun! Saňa bir aýtjak zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym» diýdi. |
| 41 |
| Isa şeýle diýdi: «Iki adam bir karz berijä bergilidi. Biriniň bäş ýüz dinar, biriniň hem elli dinar bergisi bardy. |
| 42 |
| Olaryň bermäge zatlary bolmansoň, karz beriji ikisiniň hem bergisini geçdi. Indi Maňa aýt, olaryň haýsysy ony köp söýer?» |
| 43 |
| Simun: «Meniň pikirimçe, köpräk karzy geçilen bolsa gerek» diýdi. Isa: «Dogry pikir etdiň» diýdi. |
| 44 |
| Onsoň aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi: «Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen Maňa aýagym üçin suw-da bermediň. Emma ol Meniň aýagymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. |
| 45 |
| Sen meni öpmediň, emma bu aýal gelelim bäri, yzyny üzmän aýaklarymdan öpüp otyr. |
| 46 |
| Sen Meniň başymy zeýtun ýagy bilen-de ýaglamadyň, emma bu aýal aýaklarymy ysly ýag bilen ýaglady. |
| 47 |
| Şonuň üçin saňa aýdýaryn: onuň köp bolan günäleri geçildi. Onuň köp söýýändiginiň sebäbi, ine, şunda. Emma kimiň az günäsi geçilse, ol az söýer». |
| 48 |
| Aýala bolsa: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. |
| 49 |
| Onuň bilen bile saçak başynda oturanlar: «Günäleri-de geçýän bu kimkä?» diýşip, içlerini gepletmäge başladylar. |
| 50 |
| Isa bolsa aýala: «Imanyň seni halas etdi. Sag-aman git» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/007.mp3
24
7