Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şundan soň, Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi. |
| 2 |
| On iki şägirt we erbet ruhlardan hem syrkawlyklardan gutulan käbir aýallar, içinden ýedi jyn çykan Magdalaly diýilýän Merem, |
| 3 |
| Hirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýuhanna, Suzanna we başga-da birtopar aýallar Onuň ýanyndady. Olar öz emläkleri bilen Oňa gulluk edýärdiler. |
| 4 |
| Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi: |
| 5 |
| Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar. |
| 6 |
| Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar, çünki yzgar ýok eken. |
| 7 |
| Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar. |
| 8 |
| Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär». Bulary aýdansoň: «Gulagy barlar eşitsin!» diýip gygyrdy. |
| 9 |
| Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyň manysy näme?» diýip soradylar. |
| 10 |
| Ol şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygynyň syrlaryna düşünmek ukyby size berildi, ýöne başgalaryna gözläp görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip, tymsallar bilen aýdylýar. |
| 11 |
| Tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň sözüdir. |
| 12 |
| Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne soň gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar. |
| 13 |
| Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler. |
| 14 |
| Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. |
| 15 |
| Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar. |
| 16 |
| Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni bir gap bilen örtýän däldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir. Gaýtam, içerik girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. |
| 17 |
| Çünki belli bolmajak gizlin zat ýokdur, bilnip üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur. |
| 18 |
| Şonuň üçin, eşidişiňize üns beriň, çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ýöne kimde ýok bolsa, özünde bardyr diýip güman edýäni hem ondan alnar». |
| 19 |
| Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldi, ýöne märeke zerarly, olar Onuň ýanyna baryp bilmediler. |
| 20 |
| Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň daşarda durlar, Seni görmek isleýärler» diýip habar berildi. |
| 21 |
| Emma Isa: «Meniň ejem, doganlarym ― Hudaýyň Sözüni diňläp, ony berjaý edýänlerdir» diýdi. |
| 22 |
| Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Kölüň aňyrsyna geçeliň» diýdi. Şeýlelikde, ugradylar. |
| 23 |
| Barýarkalar, Ol uka gitdi. Kölde birden güýçli ýel turup, gaýyga suw dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler. |
| 24 |
| Şägirtler baryp, Ony oýaryp: «Ussat, Ussat, heläklenip barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem çaýkanýan suwa käýedi, olar-da ýatdy, şeýle imi-salalyk boldy. |
| 25 |
| Ol şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýdi. Olar bolsa geňirgenişip, gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kim? Bu ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da gulak asýar» diýişdiler. |
| 26 |
| Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşen gadaralylaryň ýurduna geldiler. |
| 27 |
| Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňa şol şäherden bolan we kän wagt bäri jyny bar bir adam gabat geldi. Bu eginbaş geýmän, öýde ýaşaman, mazarlaryň içinde ýaşardy. |
| 28 |
| Ol Isany görende gygyryp, Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý Isa! hemmelerden beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Saňa ýalbarýaryn, meni gynama». |
| 29 |
| Çünki Isa arwaha ol adamdan çykmagy buýrupdy, sebäbi arwah ony ýygy-ýygydan tutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, kündeläp saklardylar. Emma ol baglary gyrardy, jyn ony çöllere çekerdi. |
| 30 |
| Isa ondan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Legion» diýip jogap berdi. Çünki oňa köp jyn giripdi. |
| 31 |
| Jynlar özlerine dowzah çukuryna gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. |
| 32 |
| Şol ýerde dagyň üstünde bir uly doňuz sürüsi otlap ýördi. Jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat bermegi üçin, Oňa ýalbardylar. Ol hem rugsat berdi. |
| 33 |
| Olar ýaňky adamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Süri bolsa uçutdan kölüň içine paýyrdaşyp gark boldy. |
| 34 |
| Çopanlar bolan zady görenlerinde gaçyp, şäherdir obalara muny habar berdiler. |
| 35 |
| Halaýyk-da bolan zady görmek üçin çykyp, Isanyň ýanyna geldi. Olar içinden jynlaryň çykan adamynyň geýnip, Isanyň aýaklarynyň düýbünde oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. |
| 36 |
| Bu wakany görenler bolsa jyn uran adamyň nähili sagalanyny olara gürrüň berdiler. |
| 37 |
| Onsoň gadaralylar ýurdunyň bütin ilaty Isadan ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olara uly gorky aralaşypdy. Isa-da gaýyga münüp, yzyna gaýtdy. |
| 38 |
| Emma içinden jynlar çykan adam Onuň ýanynda bolmak üçin, Isa ýalbardy. |
| 39 |
| Isa-da: «Bar, öýüňe gaýt, Hudaýyň saňa edenlerini gürrüň ber» diýip, ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini bütin şähere jar etdi. |
| 40 |
| Isa yzyna öwrülip gelende, halk Ony garşylady, çünki hemmeler Oňa garaşýardy. |
| 41 |
| Ine, sinagoganyň başlygy bolan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyň aýagyna ýykylyp, Ondan öýüne barmagy haýyş etdi. |
| 42 |
| Çünki onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölüm ýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere barýarka, halaýyk her ýandan Ony gysýardy. |
| 43 |
| Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy tutup, bar-ýoguny tebiplere harç etse-de, hiç birisinden şypa tapmadyk bir aýal bardy. |
| 44 |
| Ol Isanyň ýeňsesinden baryp, Onuň geýiminiň syýyna elini degirdi welin, şol bada onuň gan akmasy kesildi. |
| 45 |
| Isa: «Maňa kim el degirdi!» diýdi. Hemmeler inkär edende, Petrus bilen ýanyndakylar: «Ussat! Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsaň: „Maňa kim el degirdi?\ diýýärsiň» diýdiler. |
| 46 |
| Emma Isa: «Maňa biri elini degirdi, çünki Men Özümden bir güýjüň çykanyny aňdym» diýdi. |
| 47 |
| Aýal gizlin galyp bilmänini görüp, titräp, Onuň öňünde ýere ýykyldy. Bütin halkyň öňünde näme üçin Oňa elini degrenini, şol bada hem şypa tapanyny aýtdy. |
| 48 |
| Isa oňa: «Gyzym! Imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git» diýdi. |
| 49 |
| Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagoga başlygynyň öýünden biri gelip: «Gyzyň aýryldy, Mugallymy azara goýma» diýdi. |
| 50 |
| Emma Isa muny eşidende, oňa: «Gorkma, diňe iman et, ol gutular» diýdi. |
| 51 |
| Öýe gelip ýetenlerinde bolsa, Petrus, Ýahýa, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerik girmäge rugsat etmedi. |
| 52 |
| Hemmeler aglaşyp, ýas tutup otyrdylar. Isa: «Aglamaň, ol ölenok, ol uklap ýatyr» diýdi. |
| 53 |
| Gyzyň ölüdigini bilýändikleri üçin, Oňa gülüşdiler. |
| 54 |
| Emma Isa hemmeleri daşaryk kowup, gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, gal!» diýdi. |
| 55 |
| Onuň ruhy yzyna gelip, gyz şolbada ýokary galdy. Isa oňa nahar berilmegini buýurdy. |
| 56 |
| Gyzyň ene-atasy geň galdy. Isa bolsa näme bolanyny hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/008.mp3
24
8