Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Isa on iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, |
| 2 |
| olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady. |
| 3 |
| Olara şeýle diýdi: «Ýol üçin hiç zat almaň: ne taýak, ne torba, ne çörek, ne pul, ne-de iki köýnek. |
| 4 |
| Haýsy öýe barsaňyz, şol ýerde galyp, şol ýerden hem ýola çykyň. |
| 5 |
| Sizi nirede kabul etmeseler, şol şäherden çykyp barýarkaňyz, olara güwälik bolar ýaly, aýagyňyzyň tozuny kakyň». |
| 6 |
| Olar-da ýola düşüp, obama-oba aýlandylar, Hoş Habary yglan edip, hemme ýerde şypa berdiler. |
| 7 |
| Tetrarh Hirodes bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Çünki käbirleri: «Ýahýa ölümden direlipdir», |
| 8 |
| käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr», başgalary hem: «Gadym pygamberleriň biri direlipdir» diýişýärdiler. |
| 9 |
| Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başyny kesdim, ýöne bu habarlaryny eşidýän Adamym kimkä?» diýip, Ony görjek bolýardy. |
| 10 |
| Resullar yzlaryna öwrülip gelenlerinde, öz eden işlerini Isa habar berdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriň golaýynda bir çola ýere çekildi. |
| 11 |
| Halaýyk muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Patyşalygy hakda gürrüň berip, şypa mätäçleri sagaltdy. |
| 12 |
| Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Halky goýber, töwerekdäki obalara, meýdanlara gidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar. Çünki biz bir çola ýerde». |
| 13 |
| Emma Ol: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Olar hem: «Gidip, bütin bu halaýyga iýmit satyn almasak, biziň bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok» diýdiler. |
| 14 |
| Sebäbi olar bäş müňe golaý adamdy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar bölüň-de oturdyň» diýip tabşyrdy. |
| 15 |
| Olar hem şeýle edip, hemmeleri oturtdylar. |
| 16 |
| Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, Göge bakyp, olar üçin şükür etdi-de, halka paýlar ýaly, bölüşdirip, şägirtlerine berdi. |
| 17 |
| Hemmeler iýip doýdy, artyp galan çöregiň döwümlerini bolsa ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. |
| 18 |
| Bir gün Isa ýekelikde doga edýärdi, şägirtleri hem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kim diýýär?» diýip sorady. |
| 19 |
| Olar şeýle jogap berdiler: «Çokundyryjy Ýahýa diýýärler. Käbirleri-de Ylýas, käbirleri hem gadym pygamberleriň biri direlipdir diýýär». |
| 20 |
| Olara: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýdi. Petrus: «Sen Hudaýyň Mesihisiň» diýdi. |
| 21 |
| Isa bolsa muny hiç kime aýtmaň diýip, olara berk tabşyrdy. |
| 22 |
| Ol ýene şeýle diýdi: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular, baş ruhanylar we kanunçylar tarapyndan ret edilmeli, öldürilmeli we ölenden üç günden soň direlmelidir». |
| 23 |
| Hemmelere şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp, yzyma düşsün. |
| 24 |
| Çünki kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. |
| 25 |
| Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp-da, özüni ýogaltsa ýa özüne zyýan ýetirse, oňa näme peýdasy bar? |
| 26 |
| Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. |
| 27 |
| Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň arasynda Hudaýyň Patyşalygyny görmezden öň ölümi datmajak käbir adamlar bar». |
| 28 |
| Bu sözleri aýdanyndan sekiz güne golaý wagt geçensoň, Isa Petrusy, Ýahýany we Ýakuby ýanyna alyp, doga etmäge daga çykdy. |
| 29 |
| Doga edip otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy ýaldyrap agardy. |
| 30 |
| Ine, iki adam Onuň bilen gürrüň edip durdular. Bu Musa bilen Ylýasdy. |
| 31 |
| Olar şöhrat bilen peýda bolup, Onuň Iýerusalimde amala aşjak aýrylyşy hakda gürrüň edýärdiler. |
| 32 |
| Petrus bilen onuň ýanyndakylary uky basmarlaýardy, ýöne ukudan açylanlarynda, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran iki adamy gördüler. |
| 33 |
| Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndan aýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini bilmän Oňa: «Ussat, Bize bu ýerde bolmak gowy, üç çadyr guraly: biri ― Saňa, biri ― Musa, biri ― Ylýasa» diýdi. |
| 34 |
| Petrus bulary aýdyp durka, bir bulut gelip, olara kölege saldy. Olar buluda girenlerinde gorkdular. |
| 35 |
| Bulutdan: «Meniň söýgüli Oglum Bu! Ony diňläň» diýen owaz geldi. |
| 36 |
| Bu owaz gelen wagty, Isa ýeke galdy. Şägirtler bolsa dymyp, gören zatlary barada şol günlerde hiç kime gürrüň bermediler. |
| 37 |
| Şol günüň ertesi dagdan inenlerinde, bir uly märeke Isany garşylady. |
| 38 |
| Märekäniň içinden bir adam gygyryp, şeýle diýdi: «Mugallym! Saňa ýalbarýaryn, meniň ogluma bir seret, çünki ol meniň ýalňyz çagam. |
| 39 |
| Ine, ony bir ruh tutýar-da, çaga birden çygyrýar. Ruh silterläp, onuň agzyndan ak köpük getirip, pagyş-para edenden soň, ondan zordan aýrylýar. |
| 40 |
| Ony çykarmaklary üçin, Seniň şägirtleriňe ýalbardym, ýöne olar başarmadylar». |
| 41 |
| Isa oňa: «Eý, ýoldan çykan imansyz nesil! Men haçana çenli siz bilen bile bolup, size çydaýyn? Ogluňy bärik getir» diýdi. |
| 42 |
| Çaga Isanyň ýanyna gelýärkä, jyn ony ýere urup, köp silterledi. Emma Isa arwaha käýäp, çagany sagaldyp, atasyna gowşurdy. |
| 43 |
| Hemmeler Hudaýyň beýikdigine geň galdylar. Hemmeler Isanyň bütin işlerine geň galyşyp durkalar, Ol Öz şägirtlerine: |
| 44 |
| «Bu sözler gulagyňyzda galsyn: Ynsan Ogly ynsan eline berler» diýdi. |
| 45 |
| Emma olar bu söze düşünmediler. Söz olar akyl ýetirmez ýaly ýaşyryndy, olar hem bu barada Isadan soramaga çekindiler. |
| 46 |
| Şägirtleriň arasynda olaryň haýsynyň uludygy barada jedel ýüze çykdy. |
| 47 |
| Isa olaryň ýüregindäki pikiri aňyp, bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. |
| 48 |
| Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar». |
| 49 |
| Ýahýa şeýle diýdi: «Mugallym! Biz Seniň adyň bilen jynlary çykarýan bir adamy görüp, ony bökdedik, çünki ol biziň bilen birlikde Seniň yzyňa eýerenok». |
| 50 |
| Isa oňa: «Ony bökdemäň! Çünki kim size garşy bolmasa, siziň tarapdaryňyzdyr» diýdi. |
| 51 |
| Göge alynmaly mahaly golaýlanda, Isa Iýerusalime tarap aýgytly ýola düşdi. |
| 52 |
| Ol Özünden öň birnäçe çapary ýollady. Olar hem Oňa taýýarlyk görmek üçin baryp, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. |
| 53 |
| Emma Ony ol ýerde kabul etmediler, çünki ugry Iýerusalime tarapdy. |
| 54 |
| Şägirtleri Ýakup bilen Ýahýa muny görüp: «Ýa Reb! Olary heläk etsin diýip, Ylýasyň edişi ýaly, Gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýdiler. |
| 55 |
| Isa öwrülip, olara käýedi: «Siz haýsy ruhdandygyňyzy bilmeýärsiňiz. |
| 56 |
| Ynsan ogly adamlary heläk etmäge däl-de, halas etmäge geldi». Onsoň başga oba gitdiler. |
| 57 |
| Ýol bilen barýarkalar, bir adam Oňa: «Ýa Reb! Sen nirä gitseň, men-de yzyňa düşerin» diýdi. |
| 58 |
| Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýdi. |
| 59 |
| Başga birine: «Meniň yzyma düş» diýdi. Emma ol: «Ýa Reb! Rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. |
| 60 |
| Emma Isa oňa: «Goý, ölüler öz ölülerini jaýlasynlar, ýöne sen git-de, Hudaýyň Patyşalygyny wagyz et» diýdi. |
| 61 |
| Ýene birisi: «Ýa Reb! Seniň yzyňa düşeýin, ýöne rugsat ber, öňürti öz maşgalam bilen hoşlaşaýyn» diýdi. |
| 62 |
| Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýdi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/luke/009.mp3
24
9