Hirodes Petrusy ele salyp, Pesahdan soň halk öňüne çykarmak niýeti bilen zyndana saldy-da, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýmagy tabşyrdy.
Hirodesiň ony orta çykarjak gününiň öň ýanyndaky gije Petrus iki esgeriň arasynda goşa zynjyr bilen bagly ýatyrdy, garawullar-da gapynyň agzynda zyndana garawulçylyk edýärdiler.
Birdenkä Rebbiň bir perişdesi görnüp, türmede nur ýalpyldady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: «Tiz tur!» diýdi. Şobada-da Petrusyň zynjyrlary elinden ýere gaçdy.
Olar birinji, ikinji garawullardan geçip, şähere çykýan demir derwezä geldiler. Derweze olara öz-özünden açyldy. Olar daşary çykyp, bir köçäni ilerligine geçdiler welin, perişde birdenkä gaýyp boldy.
Ine, şonda Petrus aýňalyp: «Rebbiň perişdesini ýollap, Hirodesiň elinden, ýehudy halkynyň garaşan ähli zatlaryndan meni halas edendigine, hakykatdan hem, indi göz ýetirýärin» diýdi.
Seslerini çykarmazlyklary üçin, Petrus olara eli bilen yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan çykaranyny olara gürrüň berip: «Muny Ýakuba hem doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.
Hirodes Petrusy agtardy. Ol ony tapmansoň bolsa garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirodes Ýahudadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy.
Hirodes Sire we sidonlylara garşy dişini gyjaýardy. Olar hem birleşip, Hirodesiň ýanyna geldiler-de, patyşanyň ýatak jaýynyň başlygy Wlastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler; çünki olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.