Antakiýadaky ýygnakda birnäçe pygamber we mugallym bardy: Barnabas, Niger diýen Simun, kireneli Lukius, ýurduň dörtden birine höküm sürýän bilen bile ulalan Manean we Saul.
Indi, ine, Rebbiň eli üstüňe gelýär, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli güneşi görmersiň». Şobada-da onuň üstüne tümlük, garaňkylyk indi. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam agtaryp başlady.
Mukaddes Kanundan we pygamberler ýazgysyndan okalandan soň, sinagoga başlyklary olara adam ýollap: «Doganlar, halka öwüt-ündewli sözüňiz bar bolsa aýdyň» diýdiler.
Ony tagtdan düşürenden soň bolsa, olara Dawudy patyşa etdi. Ol hakda güwä hem geçip: „Göwnüme jaý bir adamy, Ýessäniň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder\ diýdi.
Ýahýa işini bitirmäge golaýlan wagty şeýle diýdi: „Meni kimdir öýdýärsiňiz? Men ― Ol däl. Ine, meniň yzymdan Biri geler, men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin\.
Hudaý Isany direltmek bilen, olaryň oglanlary bolan biziň üçin şol wadany ýerine ýetirdi. Ikinji mezmurda hem şeýle ýazylypdyr: „Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seni öndürdim\.
„Serediň, eý masgaralaýjylar, haýran galyň, heläk boluň; çünki Men siziň günleriňizde şeýle bir iş ederin welin, ony size biri beýan etse, asla ynanmarsyňyz\».
Sinagogadaky halaýyk daganynda, ýehudylaryň we ýehudy dinine geçip, Hudaýa ybadat edýänleriň köpüsi Pawlus bilen Barnabasyň yzyna düşdüler. Bular hem gürrüň berip, Hudaýyň merhemetinde erjellik etmekleri üçin, olara nesihat etdiler.
Pawlus bilen Barnabas hem gaýratlylyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözi ilki size wagyz edilmelidi. Ýöne siz ony ret etdiňiz, özüňizi ebedi ýaşaýşa mynasyp görmediňiz. Şonuň üçin, ine, biz özge milletlere tarap ýüzlenýäris.