Ýöne iman etmedik ýehudylar göripçilik etdiler, bazarda boş aýlanyp ýören ýaramaz adamlaryň birnäçesini ýanlaryna alyp, üýşmeleň gurap, şäherde topalaň turuzdylar. Ýasonuň öýüne hüjüm edip, Pawlus bilen Silasy halkyň öňüne çykarjak boldular.
Ýöne Salonikdäki ýehudylar Hudaýyň sözüniň Pawlus tarapyndan Weriýada-da wagyz edileninden habarly bolanlarynda, bu ýere hem gelip, halaýygy howsala salyp öjükdirdiler.
Epikurçy we stoik filosoflaryň käbirleri-de oňa garşy çykdylar. Käbiri: «Bu ýaňra näme diýjek bolýar?» diýse, käbiri: «Ol ýat taňrylaryň wagyzçysyna meňzeýär» diýýärdi. Sebäbi Pawlus Isanyň Hoş Habaryny we direlişi wagyz edýärdi.
Çünki aýlanyp, siziň ybadat edýän zatlaryňyzy gözden geçirip ýörkäm, depesinde „Nätanyş Taňra\ diýen ýazgyly bir gurbanlyk edilýän ýeri hem gördüm. Men, ine, tanaman, ybadat edýän bu zadyňyzy size wagyz edýärin.
Hudaýy agtararlar, Ony, belki-de, sermeläp taparlar diýip, olaryň wagtlaryny, mesgen tutjak ýerleriniň çäklerini öňünden belledi. Muňa garamazdan, Ol biziň hiç birimizden uzakda däldir.
Biz indi Hudaýyň zürýadydygymyza görä, Hudaýyň tebigaty adam sungaty we hünäri bilen suratlandyrylan gyzyla, kümşe ýa-da daşa meňzeşdir öýtmeli däldiris.
Çünki Hudaý bir güni belledi. Ol Öz saýlan Adamy arkaly dünýäniň üstünden şol günde adyl höküm çykarar. Hudaý bu Adamy ölümden direltmek bilen, hemmelere subutnama berdi».