Italiýadan ýaňy gelen, asly pontusly Akila atly bir ýehudy bilen onuň aýaly Priskilla sataşyp, şolaryň öýüne gitdi (Klaudius bütin ýehudylar Rimden çykmaly diýen buýrugy beripdi).
Emma olar Pawlusa garşy çykyp sögenlerinde, Pawlus egin-eşigini kakyşdyryp, olara: «Eden işiňiziň jezasyny özüňiz çekiň. Men tämizdirin, mundan beýläk özge milletleriň ýanyna giderin!»
Ýöne Pawlus agzyny açjak bolanda, Galio ýehudylara şeýle diýdi: «Eý ýehudylar, eger bir adalatsyzlyk ýa agyr jenaýat bolan bolsa, size, elbetde, çydardym.
Pawlus ol ýerde ýene birnäçe günläp galdy. Onsoň doganlar bilen hoşlaşyp, Priskilla we Akila bilen birlikde gämä münüp, Siriýa gitdi. (Ol Hudaýa nezir edeni üçin Kenhreada başyny syrdyrypdy.)
Olar bilen hoşlaşyp: «Ýetip gelýän baýramy, her niçik-de bolsa Iýerusalimde tutmagym gerek, Hudaý oňlasa, ýene siziň ýanyňyza öwrülerin» diýdi. Şeýlelikde, gämi bilen Efesosdan ugrady, ýöne Akila bilen Priskilla Efesosda galdylar.
Ol sinagogada gaýratlylyk bilen geplemäge başlady. Akila bilen Priskilla muny eşidenlerinde, Apollosy öz ýanlaryna alyp, oňa Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirdiler.
Apollos Ahaýa gitmekçi bolanda, doganlar oňa bu işi ündäp, şägirtlere ony kabul etmegi ýazdylar. Ol gelip ýetende, merhemet arkaly iman edenlere köp ýardam etdi.