Ýöne käbirleri gatap, ynanmazlyk etdiler, Mesihiň ýoluny halk öňünde ýamanladylar. Şeýlelikde, Pawlus olardan çekildi, şägirtleri äkidip, her gün Tirannosyň mekdebinde gürrüň berdi.
Aýlanyp ýören ýehudy dogagöýleriň käbiri hem Reb Isanyň adyny tutup, erbet ruhlulara şypa bermäge girişýärdiler. «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler.
Jadygöýlük bilen meşgullanýanlaryň bir topary kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdy. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş pula ýetdi.
Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýa we Ahaýadan geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Ol: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmelidirin» diýýärdi.
Bu Pawlusyň hem: „Adam eli bilen ýasalan zat taňry däldir\ diýip, diňe Efesosda däl, eýsem, bütin Aziýada diýen ýaly köp halky ynandyryp azdyrandygyny-da görýärsiňiz hem eşidýärsiňiz.
Biziň üçin hatarly bolan diňe bu kesbiň gadyrdan düşmegi däl, eýsem, beýik zenan taňry Artemisiň ybadathanasynyň-da zada saýylman, bütin Aziýa we hatda dünýäniň hormat edýän taňrysynyň şöwketden düşmegidir».
Onsoň ýehudylaryň öňe itmegi bilen, märekäniň içinden Isgenderi çekip çykardylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.
Şäher kätibi halaýygy köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý efesoslylar! Efesoslylar şäheriniň beýik Artemis ybadathanasynyň we Gökden inen heýkeliň goragçysydygyny haýsy kişi bilmeýär?
Dimitriusyň ýa-da onuň ýanyndaky hünärmentleriň birine garşy dawalary bar bolsa, diwan gapylary açyk, häkimler bar; goý, biri-biriniň üstünden şikaýat etsinler.
Sebäbi bu günki wakalar zerarly, topalaňçylykda günäkärlenmek howpy üstümize abanyp dur, hiç bir sebäpsiz edilen bu üýşmeleňi biz aklap bilmeris». Ol şeýle diýip, märekäni dagatdy.