Pawlus oňa şeýle diýdi: «Eý agardylan diwar! Seni Hudaý urar! Meniň üstümden Mukaddes Kanun boýunça höküm çykarmak üçin otyrsyň, özüň bolsaň kanundan çykyp, meni urmagy buýurýarsyň».
Pawlus olaryň bir böleginiň saddukeýlerden, beýlekisiniň hem fariseýlerdendigini bilip: «Eý doganlar, men fariseý ogly fariseýdirin; meniň üstümden ölüleriň direlme umydy üçin höküm çykarylýar!» diýip, mejlisde gygyrdy.
Şeýlelikde, uly galmagal turdy, fariseýler mezhebinden bolan käbir kanunçylar ýokary turdular-da, dawalaşyp: «Biz bu adamda hiç bir erbetlik görmeýäris. Eger bir ruh ýa bir perişde onuň bilen gepleşen bolsa, onda Hudaýa garşy göreşmäliň» diýdiler.
Agzalalyk ula ýazanda, olaryň Pawlusy parçalamaklaryndan heder eden müňbaşy esgerlere aşak düşüp, ony olaryň arasyndan zor bilen alyp, gala äkitmegi buýurdy.
Şol gije Reb Pawlusyň ýanyna gelip, oňa: «Batyr bol! Çünki sen Men barada Iýerusalimde nähili güwä geçen bolsaň, Rimde-de şeýle güwä geçmelisiň» diýdi.
Şeýlelikde siz mejlis bilen bilelikde Pawlusyň işine has takyk garamak bahanasy bilen, Pawlusy ýanyňyza getirmegini müňbaşydan haýyş ediň; biz-de gelip ýetmänkä, ony öldürmäge taýyn».
Şeýlelikde, ýüzbaşy ony alyp, müňbaşynyň ýanyna getirdi we: «Tussag Pawlus meni ýanyna çagyryp, şu ýigidi saňa getirmegimi haýyş etdi. Onuň saňa aýtjak zady bar eken» diýdi.
Ýöne sen olara gulak asma, çünki olaryň kyrkdan gowrak adamy Pawlusa bukuda garaşýar, olar Pawlusy öldürýänçäk, iýsek, içsek bize lagnat bolsun diýip kasam etdiler. Şindi olar taýýar, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».
Onsoň ýüzbaşylaryndan ikisini ýanyna çagyryp, şeýle tabşyryk berdi: «Gije sagat üçde Kaýsariýa gitmek üçin iki ýüz esger, ýetmiş atly, iki ýüz naýzadar taýynlaň.
Bu adamyň janyna ýehudylaryň kast etjek bolýandygy maňa habar berlende bolsa, ony derrew saňa ýollap, şikaýatçylara-da şikaýatlaryny seniň huzuryňda aýtmaklaryny buýurdym. Hoş gal».