Eý hormatly Feliks, seniň saýaňda uly parahatlyga gowşandygymyzy, seniň aladaň arkaly bu millet üçin çäreleriň görlendigini, biz hemişe we her ýerde uly minnetdarlyk bilen boýun alýarys.
Onuň şikaýatçylaryna seniň huzuryňa gelmegi buýurdy. Seniň özüň hem ony soraga çekip, biziň ony aýyplaýan zatlarymyzyň barynyň anygyna ýetip bilersiň».
Häkim geple diýip, Pawlusa ümläninde, Pawlus şeýle jogap berdi: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň kazysydygyňy bilýänligim üçin, özümi begenç bilen gorajak.
Ýöne şuny saňa ykrar edýärin: men Mukaddes Kanun esasyndaky her bir zada, pygamberler kitabynda ýazylanlaryň ählisine iman edip, bularyň azgyn mezhep diýýän Ýoly boýunça ata -babalarymyň Hudaýyna hyzmat edýärin.
Ýöne ol ýerde Aziýadan bolan käbir ýehudylar bardy. Olaryň-da maňa garşy bir zatlary bolan bolsa, şu ýerde seniň huzuryňda durup, meni aýyplamaklary gerekdi.
Şeýle bolsa, olaryň ortasynda durkam: „Bu gün ölüleriň direlmegi hakda siziň huzuryňyzda meniň üstümden höküm çykarylýar\ diýip aýdan şu ýekeje sözüm üçindir».