Halkymyzyň on iki taýpasy gije-gündiz Hudaýa yhlasly gulluk edip, bu wada ýetmegi umyt edýär. Eý patyşa, men şu umyt üçin ýehudylar tarapyndan aýyplanýaryn.
Olary bütin sinagogalarda öwran-öwran jezalandyryp, Isa dil ýetirmäge mejbur etdim. Olara garşy çendenaşa guduzlap, olary hatda ýat şäherlere çenli yzarladym.
Olar tümlükden nura, şeýtanyň gol astyndan Hudaýa döner ýaly, şeýle hem Maňa bolan iman bilen günäleri bagyşlanyp, mukaddeslenenleriň arasyndan miras alar ýaly, gözlerini açmak üçin, seni olara ýollaýaryn\.
Indi maňa Hudaýyň hemaýaty nesip bolany üçin, men hem kiçä, hem ula şu güne çenli güwä geçip ýörün. Men pygamberler bilen Musanyň boljagyny aýdan zatlaryndan,
ýagny Mesihiň görgi görmeli bolandygyndan, ölümden ilkinji direlen hökmünde hem öz halkymyza hem özge milletlere nury yglan etmelidiginden başga hiç zady aýdamok».
Meniň huzurynda gaýratlylyk bilen gürleýän patyşam bu zatlardan habarlydyr. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine ynanýaryn, sebäbi bular bir künjekde ýüze çykan zatlar däl.
Pawlus oňa: «Men, az bolsun, köp bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary hem şu zynjyrlarsyz meniň ýaly bolardylar diýip, Hudaýdan dileýärin» diýdi.