Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende: «Her niçik-de bolsa, bu adam ganhordyr. Deňizden gutulan hem bolsa, Adalat taňrysy ony ýaşatmady» diýişdiler.
Olar onuň çişmegine ýa-da birden ölüp ýykylmagyna garaşdylar. Köp garaşyp, oňa zelelli hiç zadyň bolmanyny görenlerinde, pikirlerini üýtgedip: «Ol bir taňry!» diýişdiler.
Rimdäki doganlar bizden habarly bolanlarynda, ol ýerden Appius Forumyna we Üç Myhmanhana çenli bizi garşylamaga geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy.
Üç günden soň Pawlus ýehudylaryň ulularyny çagyrdy. Üýşenlerinde, olara şeýle diýdi: «Eý doganlar! Men halkyň garşysyna, ata -baba adatlarynyň garşysyna hiç zat etmesem hem, tussag edilip, Iýerusalimden rimlileriň eline berildim.
Şeýlelikde, bir güni belläp, köp adamlar onuň ýanyna, bolýan ýerine geldiler. Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy.
Çünki bu halkyň ýüregi gatady, gulaklary agraldy, gözlerini-de ýumdular. Beýle bolmasa, gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşidip, ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim\.