onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni Nasyraly Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur.
Petrus bilen Ýahýanyň gaýratyny görenlerinde, olaryň okuwsyz, garamaýak adamlardygyny saýgaranlarynda, olar geňirgenişdiler, olaryň Isa bilen bile bolandyklaryna göz ýetirdiler.
Emma Petrus bilen Ýahýa olara şeýle gaýtargy berdiler: «Size Hudaýa gulak asandan hem artyk gulak asmak Hudaýyň ýanynda dogrumydyr? Özüňiz oýlanyp görüň!
Olar ýene-de haýbat atyp, ýöne halk zerarly temmi bermegiň çäresini tapman, olary boşatdylar, çünki hemmeler bolan iş üçin Hudaýy şöhratlandyrýardylar.
Muny eşidenlerinde, olar agzybirlik bilen seslerini gataldyp, Hudaýa, ine, şeýle diýdiler: «Eý Baýar! Gögi, Ýeri, deňzi we onuň içindäki ähli zady ýaradan Hudaý Sensiň,
Çünki, hakykatdan-da, şu şäherde Hirodes we Pontius Pilatus özge milletler we Ysraýyl halky bilen bilelikde Seniň wezipä bellän mukaddes Guluň Isa garşydyr.
Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly sözlemäge başladylar.