Petrus oňa şeýle diýdi: «Hananýa, şeýtanyň „ Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al\ diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?
Ol satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».
Şeýlelikde, Petrus geçende, hiç bolmanynda, onuň kölegesi syrkawlaryň biriniň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, düşek hem çarpaýa üstünde ýatyrýardylar.
Resullar muny eşidenlerinde, säher bilen ybadathana baryp, sapak bermäge durdular. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, mejlisi we Ysraýyl ogullarynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar; onsoň resullary getirmäge tussaghana adam ýolladylar.
«Şu at bilen sapak bermäň diýip, biz size berk tabşyryk berdik, emma siz öz taglymatyňyz bilen Iýerusalimi doldurdyňyz, bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.
Ine, şonda mejlisde Mukaddes Kanun mugallymy we bütin halk ýanynda hormatlanýan Gamaliýel atly bir fariseý turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy.
Sebäbi bu günlerden ozal özüni uly adam saýýan Teudas çykdy, dört ýüze golaý adam onuň yzyna düşüpdi. Ol öldürildi, yzyna eýerenleriň hemmesi hem dagap gitdi.
Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, tersine, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň». Ine, şonda olar onuň bilen ylalaşdylar.