Bu şägirtleriň sanynyň barha artýan günlerinde grekçe gepleşýän ýehudylar tarapyndan ýerli halka garşy nägilelik döredi, çünki gündelik iýmit paýlaşygynda olaryň dul hatynlary gözden salynýardy.
Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna çagyryp, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň sözüni taşlap, saçak başynda hyzmatkärlik etmek bize gelşikli däl.
Bu söz bütin jemagata ýarady. Olar imandan hem Mukaddes Ruhdan doly adamlar bolan Stefanusy, Filipusy, Prohorusy, Nikanory, Timony, Parminasy we ýehudy dinine geçen antakiýaly Nikolausy saýladylar-da, bulary
Şol aralykda libertinler, kirneliler, isgenderiýalylar diýip atlandyrylan sinagogadan, şeýle hem, Kilikiýadan we Aziýadan bolan käbir adamlar gelip, Stefanus bilen jedelleşdiler.