Şeýlelikde, Hananýa baryp, ýaňky öýe girdi, ellerini Saulyň üstünde goýup, şeýle diýdi: «Saul dogan! Gelýän ýoluňda saňa görnen Reb Isa seniň gözüň açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni iberdi».
Muny eşidenleriň bary geňirgenişip: «Iýerusalimde şu Ady tutanlary ýere ýegsan eden bu dälmidi? Ol bu ýere olary tutup, baş ruhanylaryň ýanyna äkitmäge gelmänmidi näme?» diýişýärdiler.
Onsoň Barnabas Sauly alyp, resullaryň ýanyna getirdi, olara ýolda onuň nähililik bilen Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini hem-de onuň Şamda Isanyň ady bilen gaýratly gepländigini gürrüň berdi.
Şeýlelikde, ýygnaklar bütin Ýahudada, Jelilede we Samariýada parahat ýaşaýardy, abatlanyp, Reb gorkusynda gezip, Mukaddes Ruhuň göwünlik bermegi bilen köpelýärdi.
Lidda Ýafa ýakyn bolansoň, şägirtler Petrusyň şol ýerdedigini eşidenlerinde, oňa iki adamy ýollap: «Gijikdirmän, biziň ýanymyza gel!» diýip haýyş etdiler.
Petrus turup, olar bilen gitdi. Gelende, ony balahana eltdiler. Ähli dul hatynlar Petrusyň ýanyna ýygnandylar we aglaşyp, Dorkasyň heniz olaryň ýanyndaka tiken ähli köýnekdir lybaslaryny oňa görkezdiler.
Petrus hemmeleri daşary çykardy-da, dyza çöküp doga etdi we jesede ýüzlenip şeýle diýdi: «Tabita, tur!» Aýal gözüni açyp, Petrusy görende, galyp oturdy.