Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!
Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?
Ýahudy däller Musanyň Kanuny barada bilmeýärler. Emma olar hem Hudaýyň buýruklaryny bozsalar, ölerler. Ýahudylar bolsa Musanyň Kanunyny bilýärler. Şoňa görä-de, olar eden günäleri üçin bu Kanuna laýyklykda höküm ediler.
Musanyň Kanuny ýahudy dällere berilmedi. Ýöne olar tebigy duýgurlygyna eýerip, bu Kanunyň talaplaryny berjaý edenlerinde, Kanuny bilmeseler-de, oňat we erbet işleri saýgarýandyklaryny görkezýärler.
Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.
Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.
[19-20] Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň.
Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.
Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!
Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.