Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr: «Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň, Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä?
Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.
Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn.
Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.
Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.
[25-26] Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy.