Ýöne merhemet sylagy tagsyr ýaly däldir. Sebäbi biriniň tagsyry arkaly köp adamlar ölen bolsa, onda Hudaýyň merhemeti we bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly bolan merhemetdäki sylag köpler üçin has-da artandyr.
Sylag bir adamyň gazanan günäsiniň netijesi ýaly däldir. Sebäbi bir günäden bolan höküm iş kesmek, ýöne köp günäden bolan merhemet sylagy aklanmak üçin berilýändir.
Çünki biriniň günäsi bilen ölüm biri arkaly höküm süren bolsa, onda, merhemet we aklanma sylagynyň bollugyny alanlar hem Biri, ýagny Isa Mesih arkaly ýaşaýyşda has beter höküm sürer.
Emma günäniň ölümde höküm sürşi ýaly, merhemet hem Rebbimiz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýyş üçin dogrulyk bilen höküm sürsün diýip, günäniň köpelen ýerinde merhemet has-da artdy.