Isa Mesih bize Hudaýyň merhemetiniň gapysyny açyp berdi. Biz iman arkaly bu merhemete ulaşyp, berk durus we Hudaýyň şöhratyna şärik boljakdygymyza umyt baglap begenýäris.
Bir ynsan, ýagny Adam ata zerarly günä dünýä aralaşdy, günä bolsa ölümiň gelmegine sebäp boldy. Ynsanlaryň ählisi günäli bolany üçin, ölüm olaryň üstünden höküm sürüp başlady.
Muňa garamazdan, Adam atadan başlap Musa çenli ýaşanlar Adam atanyňky ýaly günä etmeseler-de, ölüm olaryň üstünden höküm sürdi. Adam ata belli bir derejede özünden soň gelmeli Adamyň, ýagny Isa Mesihiň nusgasy boldy.
Emma Hudaýyň peşgeş beren merhemetini Adam atanyň günäsi bilen deňeşdirip-de bolmaz! Çünki bir adamyň günäsi köpleri ölüme duçar etdi; başga bir Adamyň, ýagny Isa Mesihiň merhemeti arkaly bolsa köpler Hudaýyň bu peşgeşini boldan-bol aldy.
Hawa, Hudaýyň peşgeş beren merhemeti Adam atanyň günäsi ýaly däldir. Sebäbi bir günä jezalandyrylyp, höküm edilmä sezewar etdi. Emma köp günälerden soň peşgeş berlen merhemet aklanmany getirdi.
Çünki bir adamyň günäsi zerarly we şol adam arkaly ölüm höküm sürüp başlady. Emma Hudaýyň çäksiz merhemeti bilen aklanma peşgeşiniň bollugyny alanlaryň bary indi bir Adam, ýagny Isa Mesih arkaly baky ýaşaýyşda höküm sürerler.
Ozal günä hökmürowanlyk sürüp, hemmeleriň ömür tanapyny gyrýardy. Indi welin Hudaýyň merhemeti hökmürowanlyk sürýär. Şoňa görä-de, biz aklanyp, Rebbimiz Isa Mesih arkaly baky ýaşaýşa eýe bolduk.