Eý, doganlar, size Musanyň Kanunyny bilýän adamlar hökmünde ýüzlenýärin. Eýsem siz bu Kanunyň diňe diri adama öz hökümini ýöredýändigini bilmeýäňizmi näme?
Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesihe degişlisiňiz.
Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.
Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.
Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.
Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.
Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.