Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý doganlar, atalarymyzyň barynyň bulut astynda bolanyndan, barynyň deňizden geçeninden habarly bolmagyňyzy isleýärin. |
| 2 |
| Bary bulutda hem deňizde Musa çokundyryldy. |
| 3 |
| Bary şol bir ruhy iýmiti iýdi. |
| 4 |
| Bary şol bir ruhy içgini içdi, sebäbi olar özlerine hemralyk eden ruhy gaýadan içýärdi. Ol gaýa bolsa Mesihdi. |
| 5 |
| Emma Hudaý olaryň köpüsinden razy däldi. Çölde olaryň jesetleri serlip galdy. |
| 6 |
| Ýöne olaryň höweslenişi kimin, biz-de ýamana höweslenmez ýaly, bu wakalar bize mysal hökmünde ýüze çykdy. |
| 7 |
| «Halk iýip-içmek üçin aşak oturdy we oýnamak üçin ýokary galdy» diýip ýazylyşy ýaly, olaryň käbirleri kimin siz hem butparaz bolmaň. |
| 8 |
| Zyna etmäliň, çünki olaryň käbirleri zyna edip, bir günde ýigrimi üç müň adam öldi. |
| 9 |
| Rebbi synamalyň, çünki olaryň käbirleri Ony synap, ýylanlardan heläk boldular. |
| 10 |
| Käýinmäň, çünki olaryň käbirleri käýinip, ölüm perişdesiniň elinden heläk boldular. |
| 11 |
| Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy. |
| 12 |
| Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun. |
| 13 |
| Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar. |
| 14 |
| Şonuň üçin, eý, eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň. |
| 15 |
| Men düşünjeli adamlara gürrüň berýärin. Aýdýanlaryma özüňiz baha beriň. |
| 16 |
| Biziň şükür edýän şükür käsämiz Mesihiň ganyna şärikçilik dälmi? Biziň bölýän çöregimiz Mesihiň tenine şärikçilik dälmi? |
| 17 |
| Çöregiň bir bolşy ýaly, köp bolan biz hem bir tendiris, sebäbi biziň hemmämiziň şol bir çörekde paýymyz bardyr. |
| 18 |
| Ysraýyl halkyna serediň, gurbanlyklary iýýänler gurbanlyk edilýän ýer bilen şärikçilik edýänler dälmi? |
| 19 |
| Men näme diýýärin? Buta berlen gurban bir zatmydyr? Ýa-da but bir zatmydyr? |
| 20 |
| Ýok, ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok. |
| 21 |
| Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz. |
| 22 |
| Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarýarysmy? Biz Ondan güýçlümi? |
| 23 |
| Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat abatlaýan däldir. |
| 24 |
| Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin. |
| 25 |
| Et bazarynda näme satylýan bolsa, ynsap hatyrasy üçin, hiç bir zady seljermän iýiň. |
| 26 |
| Çünki Ýer we onuň ýüzündäki ähli zat Rebbiňkidir. |
| 27 |
| Iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyryp-da, siz hem gitmek isleseňiz, öňüňizde näme goýulsa, ynsap hatyrasy üçin, her bir zady seljermän iýiň. |
| 28 |
| Emma biri size: «Bu butlara berlen gurbanyň etidir» diýse, ýaňky habar bereniň hatyrasy üçin we ynsap hatyrasy üçin iýmäň, çünki Ýer we onuň içindäkileriň bary Rebbiňkidir. |
| 29 |
| Men ynsap diýip, seniň özüňkä däl-de, beýlekiniňkä diýýärin, sebäbi näme üçin meniň azatlygymyň üstünden beýlekiniň ynsaby höküm çykarýar? |
| 30 |
| Men şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän zadym üçin maňa käýelýär? |
| 31 |
| Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň. |
| 32 |
| Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň. |
| 33 |
| Çünki men hem her zatda her kesi razy etmäge çalyşýaryn. Men muny öz bähbidim üçin edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň bähbidi üçin edýärin. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/010.mp3
16
10