Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň. |
| 2 |
| Eý doganlar, her zatda meni ýada salýanlygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýanlygyňyz üçin, men sizi taryplaýaryn. |
| 3 |
| Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr. |
| 4 |
| Başyna zat geýip, doga ýa pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir. |
| 5 |
| Başy açyk doga ýa pygamberlik edýän aýal kişi hem öz başyny biabraý edýändir, çünki bu saçy syrylmak bilen birdir. |
| 6 |
| Çünki aýal başyny örtmeýän bolsa, onda saçyny-da kesdirsin. Aýal saçynyň kesilmeginden ýa-da syrylmagyndan utanýan bolsa, onda başyny örtsün. |
| 7 |
| Çünki erkek Hudaýyň suraty hem şöhratydygy üçin başyny örtmeli däldir, ýöne aýal erkegiň şöhratydyr. |
| 8 |
| Çünki erkek aýaldan däl-de, aýal erkekdendir. |
| 9 |
| Sebäbi erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy. |
| 10 |
| Şonuň üçin, perişdeleriň hatyrasyna aýalyň başynda onuň ygtyýar astyndadygyny görkezýän belgi bolmalydyr. |
| 11 |
| Ýöne welin Rebde ne aýal erkeksiz, ne-de erkek aýalsyzdyr. |
| 12 |
| Çünki aýalyň erkekden bolşy ýaly, erkek hem aýal arkaly dünýä inendir, ýöne hemme zady Hudaý ýaradandyr. |
| 13 |
| Siziň özüňiz baha beriň: aýalyň başy açyk Hudaýa doga etmegi ýaraşyklymydyr? |
| 14 |
| Erkegiň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin biabraýçylykdygyny, |
| 15 |
| ýöne aýalyň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin abraýdygyny tebigatyň özi öwretmeýärmi? Çünki saç aýala bürenjek ýerine berlendir. |
| 16 |
| Ýöne biriniň jedel edesi gelýän bolsa, biziň hem, Hudaýyň ýygnaklarynyň hem beýle endigi ýok. |
| 17 |
| Emma bu taglymatda sizi taryplamaýaryn, çünki siziň üýşmeleriňiz peýdaly däl, zyýanlydyr. |
| 18 |
| Çünki, birinjiden, haçan ýygnakda üýşüşeniňizde, araňyzda bölünişigiň bolýanyny eşidýärin, muňa az-kem ynanýarynam. |
| 19 |
| Çünki araňyzdaky Hudaýyň tassyklan adamlary belli bolar ýaly, araňyzda bölünişigiň bolmagy zerurdyr. |
| 20 |
| Siz bir ýere üýşüşeniňizde, Rebbiň naharyny iýmek üçin üýşmeýärsiňiz. |
| 21 |
| Çünki nahar iýeniňizde, her kim öz naharyny beýlekilerden öňürti alýar, biri aç galýar, ýene biri serhoş bolýar. |
| 22 |
| Siziň iýmäge, içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, ýoksullary utandyrýarsyňyzmy? Men size näme diýeýin? Sizi taryplaýynmy? Bu zatda sizi taryplamaryn. |
| 23 |
| Çünki men Rebden alanymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp, |
| 24 |
| şükür edeninden soň, ony bölüp: «Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir, muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. |
| 25 |
| Şonuň ýaly-da, nahardan soň käsäni alyp: «Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir, her gezek içeniňizde, meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň» diýdi. |
| 26 |
| Çünki siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz. |
| 27 |
| Şonuň üçin her kim mynasyp bolmadyk tärde Rebbiň bu çöregini iýse ýa bu käseden içse, Onuň teni we gany babatda ýazykly bolar. |
| 28 |
| Adam özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden hem içmelidir. |
| 29 |
| Çünki kim Rebbiň tenini saýgarman, gelşiksiz tärde iýse, içse, özüne garşy höküm iýýändir we içýändir. |
| 30 |
| Şonuň üçin siziň araňyzda köpleri ejiz, hassa, ölenleriň hem sany az däl. |
| 31 |
| Öz-özümizi synan bolsak, höküme duçar bolmazdyk. |
| 32 |
| Üstümizden höküm çykarylanda, bize dünýä bilen bilelikde iş kesilmez ýaly, Reb bizi terbiýeleýär. |
| 33 |
| Eý doganlar, nahar iýmek üçin üýşüşeniňizde, biri-biriňize garaşyň. |
| 34 |
| Siz höküm üçin üýşüşmez ýaly, kim aç bolsa, öz öýünde iýsin. Galan zatlary bolsa özüm baramda düzederin. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/011.mp3
16
11