Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da, siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin. |
| 2 |
| Butparazkaňyz, biri sizi çekýän ýaly, dilsiz butlaryň yzyna eýerýärdiňiz. |
| 3 |
| Şonuň üçin size aýdýaryn: Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez. |
| 4 |
| Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur. |
| 5 |
| Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir. |
| 6 |
| Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr. |
| 7 |
| Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär. |
| 8 |
| Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi, |
| 9 |
| başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary, |
| 10 |
| birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär. |
| 11 |
| Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşyna görä, aýry-aýry bölüp berýär. |
| 12 |
| Ýöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ýaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir, Mesih -de şeýledir. |
| 13 |
| Çünki ýehudy bolsun ýa grek bolsun, gul bolsun ýa azat bolsun ― biziň hemmämiz bir Ruh arkaly bir tene çokundyryldyk, hemmämize bir Ruhdan içirildi. |
| 14 |
| Ten hem bir agzadan däl-de, köp agzadan ybaratdyr. |
| 15 |
| Aýak: «Men el däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez. |
| 16 |
| Gulak: «Men göz däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez. |
| 17 |
| Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy? Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaýyş nirede bolardy? |
| 18 |
| Emma Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy. |
| 19 |
| Hemmesi bir agza bolan bolsa, onda ten nirede bolardy? |
| 20 |
| Şeýlelikde, agza köp, ýöne ten bir. |
| 21 |
| Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez. Kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez. |
| 22 |
| Tersine, teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir. |
| 23 |
| Biz teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys, owadan däl agzalarymyzyň has köp görki bardyr. |
| 24 |
| Ýöne görkli agzalarymyz muňa mätäç däldir. Emma Hudaý tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin diýip, |
| 25 |
| teni guranda, ähmiýetsiz agzalary has köp hormatlady. |
| 26 |
| Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker. Bir agza şöhratlansa, ähli agzalar bilelikde şatlanar. |
| 27 |
| Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz. |
| 28 |
| Hudaý ýygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy. Ondan soň gudrat görkezmeleri, soňra şypa sylaglaryny, ýardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi. |
| 29 |
| Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir? |
| 30 |
| Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleýärmi? Hemmeler dilleri manylandyrýarmy? |
| 31 |
| Siz ulurak sylaglara yhlas ediň, men ýene size mundan hem gowy ýoly görkezeýin. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/012.mp3
16
12