Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn. |
| 2 |
| Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. |
| 3 |
| Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur. |
| 4 |
| Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. |
| 5 |
| Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. |
| 6 |
| Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. |
| 7 |
| Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. |
| 8 |
| Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar. |
| 9 |
| Çünki biz bölekleýin bilip, bölekleýin pygamberlik edýäris. |
| 10 |
| Ýöne kämil bolan gelende, bölekleýin bolan aradan aýrylar. |
| 11 |
| Men çagakam, çaga ýaly gepläp, çaga ýaly oýlanyp, çaga ýaly paýhas ederdim, ulalanymda, çaga gylyklarymy goýdum. |
| 12 |
| Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris, ýöne şol wagt ýüzbe-ýüz göreris. Häzir men bölekleýin bilýärin, ýöne şol wagt öz bilinişim ýaly bilerin. |
| 13 |
| Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/013.mp3
16
13