Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Söýginiň yzynda boluň hem-de ruhy sylaglara, has-da pygamberlik etmäge yhlas ediň. |
| 2 |
| Çünki bilinmeýän dilde gepleýän, adam bilen däl-de, Hudaý bilen gepleşýändir, çünki oňa hiç kim düşünýän däldir, ol syrlary ruh bilen aýdýandyr. |
| 3 |
| Pygamberlik edýän kişi adamlary abatlamak, nesihat we göwünlik bermek üçin gepleýändir. |
| 4 |
| Başga dilde gepleýän özüni abatlaýandyr, ýöne pygamberlik edýän ýygnagy abatlaýandyr. |
| 5 |
| Men siziň hemmäňiziň başga dillerde geplemegiňizi, has-da pygamberlik etmegiňizi arzuw edýärin. Bu dillerde gepleýän ýygnagyň abatlanmagy üçin düşündirmeýän bolsa, onda pygamberlik edýän ondan gowudyr. |
| 6 |
| Eý doganlar, men siziň ýanyňyza baryp, başga dillerde geplesem, ýöne ylham, bilim, pygamberlik ýa taglymatdan gürrüň bermesem, size näme haýrym deger? |
| 7 |
| Ses çykarýan jansyz zatlar, meselem, tüýdük ýa gusli biri-birinden parhly ses çykarmasa, tüýdük ýa gusli bilen näme çalynýandygy nähili bilner? |
| 8 |
| Çünki surnaý hem näbelli ses çykarsa, urşa kim taýýarlanar? |
| 9 |
| Şeýlelikde, siz hem dil arkaly düşnükli gürrüň bermeseňiz, näme aýdýanyňyz nähili bilner? Çünki bu howa gürrüň berdigimiz bolar. |
| 10 |
| Dünýäde dürli-dürli dilleriň bardygy, olaryň hiç biriniň-de manysyz däldigi gürrüňsizdir. |
| 11 |
| Ýöne aýdylana düşünmesem, onda men gepleýäne bigäne, ol hem maňa bigäne bolar. |
| 12 |
| Şeýlelikde, siz hem ruhy sylaglara yhlas edişiňize görä, ýygnagy abatlamak üçin, sylaglara baý bolmaga çalşyň. |
| 13 |
| Şonuň üçin bilinmeýän dilde gepleýän adam ony manylandyrar ýaly doga etsin. |
| 14 |
| Çünki men başga bir dilde doga edýän bolsam, ruhum doga edýändir, ýöne akylym miwesizdir. |
| 15 |
| Näme etmeli? Men ruh bilen doga etjek, ýöne akyl bilen hem doga etjek. Ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak. |
| 16 |
| Sebäbi sen ruh bilen alkyş aýtsaň, bilimsiz adamlar seniň şüküriňe nähili «omyn» diýsin? Sebäbi ol seniň näme aýdýanyňa düşünýän däldir. |
| 17 |
| Dogry, sen gowy şükür edýärsiň, ýöne beýleki abatlanmaýar. |
| 18 |
| Men dillerde hemmäňizden köp gepleýänime Hudaýa şükür edýärin. |
| 19 |
| Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwreder ýaly, akylym bilen bäş söz aýtmagy başga dilde on müň söz aýtmakdan gowy görýärin. |
| 20 |
| Doganlar, akylda çaga ýaly bolman, ýamanlykda çaga ýaly bolup, akylda kämil boluň. |
| 21 |
| Reb şeýle diýýär: «Men bu halka başga diller bilen, ýatlaryň agzy bilen gürrüň bererin, şonda-da Meni diňlemezler» diýip Kanunda ýazylgydyr. |
| 22 |
| Şeýlelikde, diller iman edenlere däl-de, iman etmediklere, pygamberlik hem iman etmediklere däl-de, iman edenlere alamatdyr. |
| 23 |
| Bütin ýygnak bir ýere üýşüp, ählisi başga dillerde geplese we bilimsizler ýa-da iman etmedikler içeri girse, olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi? |
| 24 |
| Emma hemmeler pygamberlik etse we bir iman etmedik ýa bir bilimsiz içeri girse, hemmeler tarapyndan ýazgarylyp, hemmeler tarapyndan höküm ediler. |
| 25 |
| Ýüreginiň gizlin syrlary aýan bolup, ýüzin ýykylar, «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýip, Hudaýa sežde eder. |
| 26 |
| Doganlar, indi näme? Bir ýere üýşüşeniňizde, siziň her biriňizde mezmur, tälim, dil, ylham ýa dilleri düşündirme bardyr ― ählisi abatlama üçin bolsun. |
| 27 |
| Kimdir biri bilinmeýän dilde gepleýän bolsa, onda iki ýa-da iň ýokarsy üç adam nobatma-nobat gepläp, biri-de manylandyrsyn. |
| 28 |
| Düşündirýän ýok bolsa, onda ol adam ýygnakda dymyp, özüne we Hudaýa gürrüň bersin. |
| 29 |
| Pygamberleriň hem ikisi ýa üçüsi gürrüň berip, beýlekiler saýgarsynlar. |
| 30 |
| Oturanlardan birine ylham gelse, onda ilkinji dymsyn. |
| 31 |
| Çünki hemmeler öwrenip, hemmeler öwüt alar ýaly, hemmäňiz biri-biriňiziň yzyndan pygamberlik edip bilersiňiz. |
| 32 |
| Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr. |
| 33 |
| Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr. |
| 34 |
| Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar, kanunyň hem aýdyşy ýaly, tabyn bolmalydyrlar. |
| 35 |
| Olar bir zady öwrenjek bolsalar, öýde öz ärlerinden sorasynlar, çünki aýala ýygnakda geplemek aýypdyr. |
| 36 |
| Hudaýyň sözi, eýsem, sizden çykdymy? Ýa diňe size ýetdimi? |
| 37 |
| Özüni pygamber ýa ruhda kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn. |
| 38 |
| Biri nadanlyk etse, goý, nadanlyk etsin. |
| 39 |
| Şonuň üçin, eý doganlar, pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga dillerde geplemegi-de gadagan etmäň. |
| 40 |
| Ýöne herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/014.mp3
16
14