Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Eý doganlar, size Hoş Habary ýatladýaryn. Men ony size wagyz etdim, siz hem ony unap, oňa bagly galdyňyz. |
| 2 |
| Size wagyz eden sözümi tutsaňyz, eden imanyňyz biderek bolmaz, ol arkaly gutularsyňyz. |
| 3 |
| Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi. |
| 4 |
| Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi. |
| 5 |
| Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi. |
| 6 |
| Ondan soň bäş ýüzden köp dogana birden göründi. Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi. |
| 7 |
| Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi. |
| 8 |
| Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi. |
| 9 |
| Çünki men resullaryň iň kiçisi, resul adyny almaga hem mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim. |
| 10 |
| Ýöne näme bolsam, Hudaýyň merhemeti arkaly boldum, Onuň maňa görkezen merhemeti biderek bolman, olaryň hemmesinden köp zähmet çekdim. Muny men däl-de, meniň bilen bolan Hudaýyň merhemeti etdi. |
| 11 |
| Indi men bolaýyn, olar bolsun, biz şeýle wagyz edýäris, siz hem şeýle iman getirdiňiz. |
| 12 |
| Mesih direldi diýip wagyz edilýän bolsa, onda siziň araňyzdan käbirleri näme üçin ölüler direlmez diýýär? |
| 13 |
| Ölüler direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir. |
| 14 |
| Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagyz etmegimiz biderek, siziň hem imanyňyz biderekdir. |
| 15 |
| Şeýlelikde, biz Hudaý hakda ýalançy şaýatlar bolarys, çünki biz Hudaý Mesihi direltdi diýip güwä geçdik. Eger ölüler direlmeýän bolsa, Ony-da direlden däldir. |
| 16 |
| Çünki ölüler direlmeýän bolsa, Mesih hem direlen däldir. |
| 17 |
| Mesih direlmedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz. |
| 18 |
| Şeýle hem Mesihde imanly bolup ölenler-de heläk bolandyr. |
| 19 |
| Biz diňe bu ýaşaýyşda Mesihe umyt baglan bolsak, onda bütin ynsanlaryň iň bagtygarasydyrys. |
| 20 |
| Emma Mesih ölüleriň ilkinji miwesi bolup ölümden direldi. |
| 21 |
| Çünki ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi. |
| 22 |
| Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter. |
| 23 |
| Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler. |
| 24 |
| Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. |
| 25 |
| Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. |
| 26 |
| Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir. |
| 27 |
| Çünki hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edendir. Ýöne ähli zat Oňa tabyn edildi diýlende, her zady Oňa tabyn etdiren Hudaýyň aýratynlyk gazanýanlygy äşgärdir. |
| 28 |
| Emma ähli zat Oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar. |
| 29 |
| Ýogsa, ölüler üçin çokundyrylanlar näme eder? Ölüler asla direlmeýän bolsa, onda nämä olar üçin çokundyrylýarlar? |
| 30 |
| Nämä biz häli-şindi howp astyna girýäris? |
| 31 |
| Eý doganlar, siz barada Rebbimiz Mesih Isada bolan magtanjyma kasam, men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. |
| 32 |
| Eger bir adam ýaly oýlanyp, Efesosda ýabany haýwanlar bilen uruş eden bolsam, maňa näme peýdasy bar? Ölüler direlmeýän bolsa, onda iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris. |
| 33 |
| Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr. |
| 34 |
| Dogrulyk bilen hüşgär boluň, günä etmäň, çünki siziň käbirleriňiz Hudaýy tanamaýar. Men muny siziň utanmagyňyz üçin aýdýaryn. |
| 35 |
| Emma biriniň: «Ölüler nähili direler? Haýsy ten bilen geler?» diýmegi mümkindir. |
| 36 |
| Eý akmak! Seniň ekýän zadyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz. |
| 37 |
| Sen ekeňde gögermeli bütin ösümligi däl-de, diňe tohumyny, bugdaý ýa başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. |
| 38 |
| Ýöne Hudaý oňa Öz isleýşi ýaly, bir ten, her tohumyň öz tenini berýär. |
| 39 |
| Hemme et bir et däldir, ynsan eti başga, haýwan eti başga, guşlaryň eti başga, balyklaryň eti bir başgadyr. |
| 40 |
| Asmana degişli tenler hem dünewi tenler bardyr, ýöne asmana degişlileriň şöhraty başga, dünewileriňki başgadyr. |
| 41 |
| Günüň şöhraty başga, Aýyň şöhraty başga we ýyldyzlaryň şöhraty başgadyr, çünki şöhratda ýyldyz hem ýyldyzdan parhlydyr. |
| 42 |
| Ölüleriň direlmegi-de şeýledir. Ten çüýremede ekilip, çüýremezlikde galýandyr; |
| 43 |
| harlykda ekilip, şöhratda galýandyr, ejizlikde ekilip, kuwwatda galýandyr; |
| 44 |
| tebigy ten ekilip, ruhy ten galýandyr. Tebigy ten bar bolsa, ruhy ten hem bardyr. |
| 45 |
| Şeýle-de ýazylgydyr: «Ilkinji ynsan Adam ýaşaýan jan boldy», ýöne soňky Adam ýaşaýyş berýän ruh boldy. |
| 46 |
| Emma ruhy bolan däl-de, tebigy bolan ilkinjidir, ruhy bolan soň gelendir. |
| 47 |
| Ilkinji adam ýerden, toprakdandyr, ikinji adam bolsa Gökden inen Rebdir. |
| 48 |
| Toprakdan bolan adam nähili bolsa, topraga degişliler hem şeýledir. Gökden inen nähili bolsa, Göge degişliler hem şeýledir. |
| 49 |
| Biz toprakdan bolanyň keşbini nähili göteren bolsak, Gökden ineniň keşbini hem şeýle götereris. |
| 50 |
| Ýöne, eý doganlar, men et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini, şeýle hem çüýreýäniň-de çüýremezlikden paý alyp bilmeýänini aýdýaryn. |
| 51 |
| Ine, size bir syry paş edeýin. Biziň hemmämiz öljek däl, soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediljekdiris. |
| 52 |
| Çünki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris. |
| 53 |
| Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir. |
| 54 |
| Bu çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter. |
| 55 |
| «Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý, ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?» |
| 56 |
| Ölümiň tikeni günädir, günäniň güýji bolsa kanundyr. |
| 57 |
| Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür! |
| 58 |
| Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/015.mp3
16
15