Hawa, biz danalygy kämilleriň arasynda wagyz edýäris. Biziň wagyz edýän danalygymyz bu eýýamyň ýa-da dünýädäki wagtlaýyn, soňy puç bolýan ygtyýarlylaryň danalygy däldir.
Biz Hudaýyň syrly, ýaşyryn saklanylan danalygyny sözleýäris. Hudaý bu danalygy biziň hem Onuň şöhratyna şärik bolmagymyz üçin, ony dünýä ýaradylmazdan öň niýetläpdi.
Emma Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Hudaýy söýýänler üçin Onuň taýynlan zatlaryny ne göz görüpdi, ne-de gulak eşidipdi, ne-de ynsan akyly çaklapdy».
Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär. Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini bilýän däldir.
Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, Mukaddes Ruhuň öwreden sözleri bilen aýdýarys. Biz ruhy hakykaty ruhy sözler bilen düşündirýäris.
Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.