Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eý, doganlar, men siziň bilen Mukaddes Ruhdan dolan ynsanlar hökmünde gürleşip bilmedim. Men size bu dünýäniň ynsanlaryna, Mesihe ýaňy-ýakynda iman eden ynsanlara gürrüň beren ýaly gürrüň berdim. |
| 2 |
| Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz. |
| 3 |
| Bu dünýä heniz-de size öz täsirini ýetirýär, sebäbi araňyzda göriplik, dawa-jenjel bar. Eýsem bular siziň dünýä degişlidigiňizi aňlatmaýarmy? Siz dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi näme? |
| 4 |
| Biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», başgaňyz «men Apollonyň şägirdi» diýýärsiňiz. Eýsem şeýle diýmek bilen, dünýewi adamlar ýaly hereket etmeýärsiňizmi? |
| 5 |
| Apollo kim? Pawlus kim? Bular siziň Isa Mesihe iman getirmegiňize ýardam beren hyzmatçylar ahyryn. Rebbiň belleýşi ýaly, biziň herimiz öz işimizi ýerine ýetirdik. |
| 6 |
| Men tohum ekdim, Apollo suwardy. Emma ösdüren Hudaýdyr. |
| 7 |
| Şunlukda, eken-de, suwaran-da hiçdir. Diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir. |
| 8 |
| Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. |
| 9 |
| Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz. |
| 10 |
| Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr. |
| 11 |
| Hiç kim eýýäm tutulan binýatdan, ýagny Isa Mesihden başga bir binýady tutup bilmez. |
| 12 |
| Bu binýadyň üstünde bolsa kimiň altyndan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, çöp-çalamdan ýa-da samandan |
| 13 |
| gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar. |
| 14 |
| Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. |
| 15 |
| Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar. |
| 16 |
| Eýsem siz özüňiziň Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, araňyzda Hudaýyň Ruhunyň ýaşaýandygyny bilmeýärsiňizmi? |
| 17 |
| Hudaýyň ybadathanasyny weýran edeni Hudaý weýran eder. Çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, şol ybadathana — sizsiňiz. |
| 18 |
| Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, « akmak » bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar. |
| 19 |
| Çünki bu dünýäniň danalygy Hudaýyň nazarynda akmaklykdyr. Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý akyllysyraýany öz hilesinde tutýar» diýip ýazylgydyr. |
| 20 |
| « Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär». |
| 21 |
| Şunlukda, kimdir birine degişlidigiňiz babatda öwünmäň! Çünki hemme zat siziňkidir: |
| 22 |
| Pawlus-da, Apollo-da, Petrus-da, dünýä-de, ýaşaýyş-da, ölüm-de, şu wagt we gelejek-de — hemme zat siziňkidir. |
| 23 |
| Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih bolsa Hudaýyňkydyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/1corinthians/003.mp3
16
3