Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şeýlelikde, adamlar bizi Mesihiň hyzmatçylary, Hudaýyň syrlarynyň wekilleri hasap etmelidir. |
| 2 |
| Wekilleriň her birinden bolsa sadyklyk talap edilýär. |
| 3 |
| Siziň ýa-da adamlaryň diwanynyň üstümden höküm çykarmagy meniň üçin möhüm zat däl, ýöne özüm hem öz üstümden höküm çykarmaýaryn. |
| 4 |
| Çünki men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir. |
| 5 |
| Şonuň üçin Reb gelýänçä, wagtyndan öň hiç bir zadyň üstünden höküm çykarmaň. Ol garaňkylygyň gizlin zatlaryny ýagtyldar, ýürekleriň niýetlerini aýan eder, şol wagt her kes Hudaýdan özüne laýyk tarypyny alar. |
| 6 |
| Eý doganlar, siz ýazylanlardan artyk pikir etmezligi bizden öwrenip, hiç biriňiz beýlekiniň öňünde gabarmaz ýaly, men bu zatlary siz sebäpli özüme hem Apollosa tymsal edip aýtdym. |
| 7 |
| Çünki kim seni beýlekilerden parhly edýär? Almadyk nämäň bar? Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme? |
| 8 |
| Siz eýýäm doýup, eýýäm baýadyňyz, bizsiz höküm sürdüňiz. Dogrudan hem, biz-de siz bilen höküm sürer ýaly, käşgä höküm sürsediňiz! |
| 9 |
| Çünki Hudaý biz resullary ölüme bellenenler ýaly soňkular hökmünde orta çykarandyr öýdýärin, sebäbi biz dünýä, perişdelere we adamlara tomaşa bolduk. |
| 10 |
| Biz Mesihiň hatyrasyna akmakdyrys, ýöne siz Mesihde akyllysyňyz. Biz ejiz, siz güýçli, siz şöhratly, biz äsgerilmedikdiris. |
| 11 |
| Biz şu çaka çenli açlyga, suwsuzlyga, ýalaňaçlyga, ýenjilmäge, sergezdanlyga döz gelip ýörendiris. |
| 12 |
| Öz ellerimiz bilen işläp, zähmet çekýäris, sögülenimizde, haýyr-doga edýäris, azar berlende çydaýarys. |
| 13 |
| Myjabat ýapylanda, mylaýym jogap berýäris. Şu çaka çenli dünýäniň syr-süplügi, hemmäniň zir-zibili bolduk. |
| 14 |
| Men bu zatlary sizi utandyrmak üçin ýazamok, size söýgüli balalarym hökmünde nesihat berýärin. |
| 15 |
| Mesihde on müňlerçe terbiýeçiňiz bolsa-da, köp ataňyz ýokdur, sebäbi Mesih Isada Hoş Habar arkaly men siziň ataňyz boldum. |
| 16 |
| Şoňa görä-de, maňa öýküniň diýip, sizden haýyş edýärin. |
| 17 |
| Rebbe sadyk bolan söýgüli oglum Timoteosy şu maksat bilen size iberýärin. Ol meniň Mesih Isadaky ýollarymy her ýerde, her ýygnakda öwredişim ýaly, siziň ýadyňyza salar. |
| 18 |
| Hamala, men size gelmejek ýaly, käbirleri gabarýan eken. |
| 19 |
| Reb islese, basym size gelip, gabarýanlaryň sözüni däl-de, güýjüni görerin. |
| 20 |
| Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy sözde däl-de güýçdedir. |
| 21 |
| Siz näme isleýärsiňiz? Ýanyňyza taýak bilen baraýynmy ýa-da söýgüdir ýumşaklyk ruhy bilen? |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/004.mp3
16
4