Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Siziň araňyzda butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlygyň barlygy eşidilýär: biri öz atasynyň aýalyny alanmyş. |
| 2 |
| Siz bolsa bu işi eden araňyzdan aýrylar ýaly, ýas tutman, gaýtam, gabarýarsyňyz. |
| 3 |
| Men ten bilen siziň ýanyňyzda bolmasam-da, ruhda siz bilendirin. Siziň ýanyňyzda ýaly, bu işi eden adamy men eýýäm höküm etdim. |
| 4 |
| Ruhum araňyzda bolup, Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz, |
| 5 |
| teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň. |
| 6 |
| Magtanmagyňyz dogry däldir. Azajyk hamyrmaýanyň bütin hamyry turşadýanyny siz bilmeýärsiňizmi? |
| 7 |
| Hamyrmaýa täze hamyr bolar ýaly, köne hamyrmaýany aýyryň. Çünki biziň Pesahlyk guzymyz Mesih-de gurban edilendir. |
| 8 |
| Şonuň üçin köne hamyrmaýa bilen, ýamanlyk we erbetlik hamyrmaýasy bilen däl-de, ak ýürekliligiň, hakykatyň petiri bilen baýram edeliň. |
| 9 |
| Men size hatymda ahlaksyzlar bilen gatnaşyk etmäň diýip ýazdym. |
| 10 |
| Bu dünýäniň, umuman, ahlaksyzlary, açgözleri, talaňçylary ýa butparazlary bilen diýemok, ýogsam, siz bu dünýäden çykmaly bolardyňyz. |
| 11 |
| Ýöne men size dogan diýilýäniň biri ahlaksyz, açgöz, butparaz, agzy paýyş, arakkeş ýa talaňçy bolsa, onuň bilen gatnaşmazlygy, beýle adam bilen nahar hem iýmezligi ýazýaryn. |
| 12 |
| Çünki meniň daşardakylaryň üstünden höküm çykarmaga näme hakym bar? Siz içerdäkileriň üstünden höküm çykarmaly dälmi? |
| 13 |
| Daşardakylaryň üstünden Hudaý höküm çykarar. Siz ýamany öz araňyzdan çykaryň. |
| Bellikleri ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/005.mp3
16
5