Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Başga biri bilen dawasy bolan siziň biriňiz mukaddesler huzurynda däl-de, imansyzlaryň öňünde üstünden höküm çykarylmagyna ýürek edermi? |
| 2 |
| Ýa-da siz mukaddesleriň dünýäniň üstünden höküm çykarjagyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň üstünden höküm çykarjak bolsaňyz, onda kiçi dawalaryň üstünden höküm çykarmaga siz mynasyp dälmi? |
| 3 |
| Bu ýaşaýşyň işleri beýlede dursun, siz biziň perişdeleriň-de üstünden höküm çykarjakdygymyzy bilmeýärsiňizmi? |
| 4 |
| Bu ýaşaýşyň işlerini höküm etmeli bolsaňyz, onda ýygnakda sylanmaýan adamlary bu işe goýýarsyňyz. |
| 5 |
| Muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn: öz doganlarynyň arasynda höküm etmegi başarýan ýekeje-de akyldar adam araňyzda ýokmy? |
| 6 |
| Gaýtam, dogan-dogan bilen diwana gidişýär, özem imansyzlaryň öňünde. |
| 7 |
| Dogrudan-da, araňyzda diwana gidişmeleriň barlygynyň özi siziň üçin bütinleý bir şowsuzlykdyr. Adalatsyzlyk çekmek siziň üçin has gowy dälmi? Talaňa döz gelmek siziň üçin has gowy dälmi? |
| 8 |
| Emma siziň özüňiz adalatsyzlyk edýärsiňiz, talaýarsyňyz, özem doganlaryňyzy. |
| 9 |
| Ýa-da adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar, ne beçebazlar, |
| 10 |
| ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar. |
| 11 |
| Siziň hem käbirleriňiz şeýlediňiz, ýöne ýuwuldyňyz, mukaddes edildiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen, Hudaýymyzyň Ruhy arkaly aklandyňyz. |
| 12 |
| Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne hiç zat maňa agalyk etmeli däldir. |
| 13 |
| Iýmit garyn üçin, garyn-da iýmit üçindir, ýöne Hudaý ikisini-de ýok eder. Ten bolsa ahlaksyzlyk üçin däl-de, Reb üçindir, Reb-de ten üçindir. |
| 14 |
| Hudaý Öz gudraty bilen Rebbi direltdi, bizi-de direlder. |
| 15 |
| Siz teniňiziň Mesihiň agzasydygyny bilmeýärsiňizmi? Men Mesihiň agzasyny alyp, bir kemçiniň agzasy edeýinmi? Etmen! |
| 16 |
| Ýa-da bir kemçin bilen birleşeniň onuň bilen bir ten bolýanyny bilmeýärsiňizmi? Sebäbi: «Ikisi bir ten bolar» diýlendir. |
| 17 |
| Emma Reb bilen birleşen Onuň bilen bir ruhdur. |
| 18 |
| Ahlaksyzlykdan gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir. |
| 19 |
| Ýa-da teniňiziň sizde ýaşaýan we siziň Hudaýdan alan Mukaddes Ruhuňyzyň ybadathanasydygyny, siziň özüňiziňki däldigiňizi bilmeýärsiňizmi? |
| 20 |
| Çünki siz bir baha alyndyňyz. Munuň üçin, Hudaýyňky bolan teniňiz we ruhuňyz bilen Hudaýy şöhratlandyryň. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/1corinthians/006.mp3
16
6