biziň bir Ata Hudaýymyz bardyr. Hemme zat Ondandyr, biz Onuň üçin ýaşaýandyrys we bir Rebbimiz Isa Mesih bardyr, hemme zat Ol arkaly bolandyr, biz Ol arkaly ýaşaýandyrys.
Emma hemmelerde bu bilim ýok, käbirleri butuň pikirinde bolup, eti entek-de buta berlen gurban ýaly iýýär. Onsoň ejizlikleri zerarly, olaryň ynsaby tegmiltli bolýar.
Çünki biri bilimli bolan seniň buthanada saçak başynda oturanyňy görse, ejizligi zerarly, onuň ynsaby butlara berlen gurbanlardan iýmäge meýillenmezmi?