Bulary bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Şeýle, ýer süren umyt bilen sürmelidir, harman döwen hem harmana şärik bolmak umydy bilen döwmelidir.
Başgalaryň sizden muny islemäge haky bar bolsa, biziň muňa olardan köp hakymyz ýokmudyr? Ýöne biz bu hakdan peýdalanman, Mesihiň Hoş Habarynyň öňüni bökdemezlik üçin, her zada döz gelýäris.
Siz mukaddes zatlar bilen meşgullanýanlaryň ybadathanadan iýýänini, gurbanlyk edilýän ýeri saklaýanlaryň gurbanlyk edilýän ýerden paýlaryny alýanyny bilmeýärsiňizmi?
Men bu zatlaryň hiç birinden peýdalanamok, şu zatlar maňa şeýle edilsin diýip hem ýazamok, sebäbi bu buýsanjymy biriniň biderek edeninden ölenim gowudyr.
Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum. Kanun astyndakylary gazanjak bolup, kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylara kanun astyndaky ýaly boldum.