Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly bolan Pawlusdan we dogan Timoteosdan bütin Ahaýadaky mukaddesleriň baryna, Hudaýyň Korintosdaky ýygnaklaryna salam! |
| 2 |
| Atamyz Hudaý, Reb Isa Mesih size merhemet etsin, parahatlyk bersin! |
| 3 |
| Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr. |
| 4 |
| Hudaýyň bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär. |
| 5 |
| Çünki Mesihiň görgüleriniň bizde artyşy ýaly, biziň tesellimiz hem Mesih arkaly artýar. |
| 6 |
| Muşakgat çekýän bolsak, bu siziň teselli tapyp, gutulmagyňyz üçindir. Bu gutulyş biziň hem görýän görgülerimize döz gelmegiňiz bilen emele gelýändir. Bize teselli berilýän bolsa, bu siziň teselli tapmagyňyz, gutulmagyňyz üçindir. |
| 7 |
| Biziň siz hakdaky umydymyz berkdir, çünki görgülerimize şärik bolşuňyz ýaly, ruhlanmamyza-da şärikdigiňizi bilýäris. |
| 8 |
| Çünki, eý doganlar, Aziýada biziň başymyza gelen muşakgatlardan siziň habarsyz bolmagyňyzy islemeýäris. Biz çendenaşa, çydardan agyr kynçylyga düşüp, diri galmakdan hem umydymyzy üzdük. |
| 9 |
| Ölüm jezasyny içimizde duýduk. Bu özümize däl-de, ölüleri direlden Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. |
| 10 |
| Ol bizi şeýle uly ölümden gutardy we gutarýar. Biziň üçin edýän dogalaryňyzyň kömegi bilen Onuň bizi ýene-de gutarjagyna umyt baglaýarys. |
| 11 |
| Şeýlelikde, köp adamlaryň dogasy netijesinde, bize berlen merhemetden ötri köpler biz babatda Hudaýa şükür eder. |
| 12 |
| Çünki biziň buýsanjymyz bu dünýäde, ylaýta-da, siziň bilen bolan gatnaşygymyzda tebigy akyldarlyk bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen, Hudaýdan bolan mukaddeslik we janypkeşlik bilen gezenligimize ynsabymyzyň güwäligidir. |
| 13 |
| Çünki biz size okaýanlaryňyzdan, düşünýänleriňizden başga hiç bir zady ýazmaýarys. |
| 14 |
| Bölekleýin düşünişiňiz, Rebbimiz Isa Mesihiň gününde biziň buýsanjymyz bolşuňyz ýaly, biziň hem siziň buýsanjyňyz bolmagymyz üçin, muňa soňuna çenli düşünersiňiz diýen umydym bar. |
| 15 |
| Bu ynam bilen, bähbidiňiz iki esse bolar ýaly, öňürti size barsam, |
| 16 |
| siziň üstüňiz bilen Makedoniýa geçip, Makedoniýadan ýene size gelip, Ýahuda siz ýola salarsyňyz diýen niýetim bardy. |
| 17 |
| Men şeýle niýet edip, durnuksyzlyk etdimmi? Ýa mende hem «hawa, hawa» hem-de «ýok, ýok» bolar ýaly, niýet edýänlerimi adam pikiri boýunça niýet edýärinmi? |
| 18 |
| Biziň size gowşuran sözümiziň hem «hawa», hem «ýok» däldigine Hudaýyň ynamdarlygyndan ant içýärin. |
| 19 |
| Çünki Silwanus we Timoteos dagymyz tarapdan siziň araňyzda wagyz edilen Hudaýyň Ogly Isa Mesih «hawa» we «ýok» bolman, Onda hemişe «hawa» bolandyr. |
| 20 |
| Hudaýyň ähli wadalary Mesihde «hawadyr». Şonuň üçin, biz arkaly Hudaýa şöhrat bolar ýaly, omyn Ol arkaly aýdylýandyr. |
| 21 |
| Bizi siz bilen birlikde Mesihde berkiden, wezipä bellän Hudaýdyr. |
| 22 |
| Ol bize möhür basyp, Mukaddes Ruhy ýüreklerimizde girew goýdy. |
| 23 |
| Hudaýy janyma güwä tutýaryn, şu çaka çenli Korintosa gelmedigimiň sebäbi sizi aýamakdy. |
| 24 |
| Bu biz siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürýäris diýmek däldir, biz şatlygyňyz üçin siziň işdeşleriňizdiris. Çünki siz imanda berk dursuňyz. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/001.mp3
13
1