Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem çydasadyňyz! Ýöne siz maňa çydaman hem durmaýarsyňyz. |
| 2 |
| Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim. |
| 3 |
| Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn. |
| 4 |
| Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz. |
| 5 |
| Çünki men hiç zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin diýip güman edýärin. |
| 6 |
| Söz sözlemekde ökde däl hem bolsam, bilimde ökdedirin. Biz muny size her ýolda, her zatda görkezendiris. |
| 7 |
| Ýa-da sizi beýgeltmek üçin özümi peseltmek bilen günä etdimmi? Çünki men Hudaýyň Hoş Habaryny size mugt wagyz etdim. |
| 8 |
| Size gulluk etmek üçin, beýleki ýygnaklardan muzd alyp, olara harç çekdirdim. |
| 9 |
| Araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, hiç kime ýük bolmadym, sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar meniň ýetmezimi ýetirdiler. Hiç bir zatda size agram salman, özümi sakladym, şeýle-de saklaryn. |
| 10 |
| Mesihiň mendäki hakykaty bilen aýdýaryn: Ahaýa etrabynda hiç kim meni bu magtançdan mahrum edip bilmez. |
| 11 |
| Näme üçin? Sizi söýmeýänim üçinmi? Muny Hudaý bilýändir. |
| 12 |
| Ýöne magtanýan zatlarynda biziň bilen deň saýylmak üçin pursat gözleýänlere pursat bermejek bolup, edenimi ýene-de ederin. |
| 13 |
| Çünki beýle adamlar galp resullar, Mesihiň resullarynyň keşbine girýän aldawçy işgärlerdir. |
| 14 |
| Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär. |
| 15 |
| Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar. |
| 16 |
| Ýene-de diýýärin: hiç kim meni akylsyzdyr öýtmesin. Ýöne şeýle bolsa, men hem biraz magtanar ýaly, siz meni bir akylsyz hökmünde kabul ediň. |
| 17 |
| Men bu aýdýanlarymy Rebbe görä däl-de, akylsyz ýaly magtanma ynamy bilen aýdýaryn. |
| 18 |
| Köpleriň dünýä ýollaryna görä magtanyşy ýaly, men-de şeýle magtanýaryn. |
| 19 |
| Çünki siz akylly bolup, ýene akylsyzlara höwes bilen çydaýarsyňyz. |
| 20 |
| Çünki biri sizi gul etse, biri sizi iýse, biri sizi talasa, biri özüni ýokary tutsa, biri siziň ýaňagyňyza şapbatlasa, siz oňa çydaýarsyňyz. |
| 21 |
| Biziň muňa güýjümiz ýetmänsoň, utanyp gepleýärin. Biri näme zada ýürek edýän bolsa, akylsyzlyk bilen aýdýaryn, men hem ýürek edýändirin. |
| 22 |
| Olar ýewreými? Men-de. Ysraýyllymy? Men-de. Ybraýymyň neslimi? Men-de. |
| 23 |
| Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmekde ― hetdenaşa, ölümli hatarlarda ― ençeme gezek. |
| 24 |
| Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim; |
| 25 |
| üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim. |
| 26 |
| Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum. |
| 27 |
| Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum. |
| 28 |
| Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr. |
| 29 |
| Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn? |
| 30 |
| Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak. |
| 31 |
| Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir. |
| 32 |
| Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/011.mp3
13
11