Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin. |
| 2 |
| Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi. |
| 3 |
| Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär), |
| 4 |
| ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi. |
| 5 |
| Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok. |
| 6 |
| Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdaryn. Ýöne biri meni göreninden ýa eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn. |
| 7 |
| Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi. |
| 8 |
| Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym. |
| 9 |
| Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn. |
| 10 |
| Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin. |
| 11 |
| Men bir akylsyz boldum, muňa siz meni mejbur etdiňiz. Aslynda, siz meni öwmelidiňiz, sebäbi hiç hem bolsam, hiç bir zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin. |
| 12 |
| Resullyk alamatlarym siziň araňyzda uly sabyr bilen alamatlarda, mugjyzalarda, gudratlarda görkezildi. |
| 13 |
| Çünki meniň size ýük bolmaýşymdan başga siziň beýleki ýygnaklardan näme pesligiňiz bar? Meniň bu adalatsyzlygymy bagyşlaň. |
| 14 |
| Ine, bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym, ýöne size ýük bolmaryn, sebäbi men siziň zatlaryňyzy däl-de, özüňizi küýseýärin. Çünki oglanlar ene- ata däl-de, ene-ata çagalar üçin mal-mülk ýygnamalydyr. |
| 15 |
| Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn. Sizi köpräk söýsem, siz meni azrak söýermisiňiz? |
| 16 |
| Goý, şeýle bolsun, emma men size ýük bolmandyryn, ýöne mekir bolanym üçin sizi hile bilen tutanmyşym! |
| 17 |
| Ýanyňyza iberen adamlarymyň biri arkaly sizi ezdimmi? |
| 18 |
| Men Titusdan haýyş etdim, dogany onuň bilen ýolladym. Titus sizi ezdimi? Biz şol bir ruhda gezmedikmi? Şol bir yzy yzarlamadykmy? |
| 19 |
| Siz ýene biz özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda gepleýäris, ýöne, eý söýgüli doganlar, munuň bary siziň abatlanmagyňyz üçindir. |
| 20 |
| Çünki ýanyňyza gelip-de, sizi isleýşim ýaly, siz hem meni isleýşiňiz ýaly görmezmikäňiz diýip gorkýaryn. Dawa, içigaralyk, gahar, jenjel, töhmet, gybat, gabarma we tertipsizlik bardyr öýdüp gorkýaryn. |
| 21 |
| Ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni ýanyňyzda pese düşürip, ozaldan günä batyp, eden murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmedik köp adamlar üçin ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/012.mp3
13
12