Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Bu üçünji gezek ýanyňyza barşymdyr. Her söz iki ýa üç güwäniň agzy bilen tassyklanar. |
| 2 |
| Men ikinji gezek ýanyňyzdakam, öňünden aýdyşym ýaly, şindi-de ýokkam ozaldan günä edenlere hem-de beýlekileriň baryna öňünden ýazýaryn: ýene ýanyňyza baraýsam, gaýgyrmaryn. |
| 3 |
| Çünki siz Mesihiň men arkaly gepleýänine subutnama agtarýarsyňyz. Ol size garşy ejiz däl-de, siziň araňyzda güýçlüdir. |
| 4 |
| Sebäbi Ol ejizlikde haça çüýlenen hem bolsa, Hudaýyň gudraty arkaly ýaşaýar. Biz-de Onda ejizdiris, ýöne Hudaýyň size bolan gudraty arkaly Onuň bilen ýaşarys. |
| 5 |
| Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň. Ýa-da Mesihiň sizdedigini özüňiz hem bilmeýärsiňizmi? Beýle bolmasa, synagdan ýykylardyňyz. |
| 6 |
| Ýöne biziň synagdan ýykylmandygymyzy bilýänsiňiz diýip umyt edýäris. |
| 7 |
| Biz siziň asla erbet iş etmezligiňiz üçin Hudaýa doga edýäris. Bu synagdan geçen ýaly bolup görünmegimiz üçin däl-de, biz synagda ýykylan ýaly bolup, siziň ýagşy iş etmegiňiz üçindir. |
| 8 |
| Çünki biz hakykata garşy hiç bir iş edip bilmän, diňe hakykat ugrunda bir iş edip bilýäris. |
| 9 |
| Biz özümiz ejiz-de, siz güýçlükäňiz begenýäris. Munuň üçin, ýagny siziň kämilleşmegiňiz üçin hem doga edýäris. |
| 10 |
| Rebbiň maňa ýykmak üçin däl-de, abatlamak üçin beren ygtyýary boýunça, özüm barkam sizi gaty tutmaýyn diýip, bu zatlary araňyzda ýokkam ýazýaryn. |
| 11 |
| Eý doganlar, mahlasy, şatlykda boluň! Kämil boluň, aýdýanlaryma gulak asyň, pikirdeş boluň, parahat ýaşaň, söýgi hem parahatlyk Hudaýy siziň bilen bolar. |
| 12 |
| Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň. Bütin mukaddesler size salam aýdýar. |
| 13 |
| Reb Isa Mesihiň merhemeti, Hudaýyň söýgüsi, Mukaddes Ruha şäriklik siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/013.mp3
13
13