Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Men siziň ýanyňyza ikilenç gaýgy bilen gelmezligi ýüregime düwdüm. |
| 2 |
| Çünki sizi gaýgylandyrsam, gaýgylandyran adamym bolmasa, meni şatlandyrjak kim? |
| 3 |
| Muny gelemde şatlanmaly adamlarymdan gaýgylanmaýyn diýip ýazdym. Çünki meniň şatlygymyň hemmäňiziň şatlygydygyna ynanýaryn. |
| 4 |
| Men size agyr muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp, siziň gaýgylanmagyňyz üçin däl-de, meniň özüňize bolan bol söýgimi bilmegiňiz üçin ýazdym. |
| 5 |
| Biri gaýgylandyran bolsa, ol meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede siziň hemmäňizi gaýgylandyrandyr. |
| 6 |
| Şeýle adama köplügiň beren şol jezasy ýeterlikdir. |
| 7 |
| Beýle adam çendenaşa gaýga batmaz ýaly, ony bagyşlamalysyňyz, ruhlandyrmalysyňyz. |
| 8 |
| Şonuň üçin oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin. |
| 9 |
| Şoňa görä-de, men siziň her zatda boýun bolýanlygyňyzy synagda biljek bolup ýazdym. |
| 10 |
| Siz kimi bir zatda bagyşlasaňyz, men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. |
| 11 |
| Muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim, çünki biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris. |
| 12 |
| Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troasa baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açylanda, |
| 13 |
| ruhumda ynjalygym ýokdy, çünki doganym Titusy tapman, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa gitdim. |
| 14 |
| Emma bizi Mesihiň yzyndan elmydam ýeňişli ýollardan ýöredýän, biz arkaly her ýerde Özüni tanamaklygyň atyr ysyny saçýan Hudaýa şükür! |
| 15 |
| Çünki biz hem gutulanlaryň, hem-de heläk bolanlaryň arasynda Hudaý üçin Mesihiň atyr ysydyrys. |
| 16 |
| Biz birine ölüm getirýän ölüm ysy, beýlekä bolsa ýaşaýyş getirýän ýaşaýyş ysydyrys. Kim bu zatlara mynasyp? |
| 17 |
| Çünki biz, köp adamlar ýaly, Hudaýyň sözüni alyş-çalyş etmän, eýsem, Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/002.mp3
13
2