Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Şunlukda, men ýene gamlanmaýyn diýip, ýanyňyza barmazlygy ýüregime düwdüm. |
| 2 |
| Eger men sizi gamlandyrýan bolsam, meni kim şatlandyrsyn? Meniň gamlandyranlarymmy?! |
| 3 |
| Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn. |
| 4 |
| Men şol haty paralanan ýürekden muşakgat içinde ýazypdym. Ýöne meniň niýetim sizi gynandyrmak däl-de, size bolan çäksiz söýgimi görkezmekdi. |
| 5 |
| Meni gamlandyran adam diňe meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede hemmäňizi gamlandyrandyr. |
| 6 |
| Köpçüligiň ony ýazgarmagy onuň üçin ýeterlik jezadyr. |
| 7 |
| Ol bütinleý gam laýyna batmaz ýaly, indi ony bagyşlamalysyňyz, teselli bermelisiňiz. |
| 8 |
| Haýyş edýärin: ony dogrudan-da söýýändigiňizi tassyklaň. |
| 9 |
| Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym. |
| 10 |
| Siziň bagyşlan kişiňizi men hem bagyşlaýaryn, sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň hatyraňyz üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. |
| 11 |
| Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn. |
| 12 |
| Men Mesihiň Hoş Habaryny wagyz etmäge Troas şäherine baranymda, maňa Reb tarapyndan bir gapy açyldy. |
| 13 |
| Muňa garamazdan, köňlüm rahat däldi, sebäbi men ol ýerde doganym Titusy tapmadym. Şonuň üçin-de, olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugradym. |
| 14 |
| Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Mesihiň dabaraly ýörişine bizi elmydama şärik edýär. Hudaý Özi baradaky bilimi biz arkaly ähli ýere müşk-anbar kimin ýaýýar. |
| 15 |
| Çünki biz gutulyş ýolundan barýanlaryň-da, heläkçilik ýolundan barýanlaryň-da arasynda Hudaý üçin Mesihiň müşki-anbarydyrys. |
| 16 |
| Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur! |
| 17 |
| Biz gara nebislerine çapýan adamlar kimin Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, Hudaý tarapyndan iberilen we Mesihe hyzmat edýän kişiler ýaly Hudaýyň huzurynda päk ýürekden wagyz edýäris. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/002.mp3
13
2