Hyzmatymyzyň netijesi hökmünde syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhy bilen, daş sahypalaryň ýüzünde däl-de, ýüregiň et sahypalarynyň ýüzünde ýazylan Mesihiň hatydygyňyz äşgärdir.
Ölüm gullugy daşlaryň ýüzüne oýulyp ýazylan harplar bilen şöhratda gelip, Ysraýyl ogullary Musanyň ýüzündäki geçip barýan şöhrat üçin onuň ýüzüne gözlerini sowman bakyp bilmedik bolsa,
Emma biziň hemmämiz perdesi aýrylan ýüz bilen Rebbiň şöhratyny görüp, şöhrat üstüne şöhrat bilen şol keşbe dönderilýändiris. Bu hem Ruh bolan Mesih tarapyndyr.