Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Eýsem biz sizi özümiz bilen gaýtadan tanyş etmelimi? Näme, biz käbirleri ýaly size ýa-da sizden bolan tanatma hatlaryna mätäçmi? |
| 2 |
| Ýok! Biziň tanatma hatymyz sizsiňiz! Bu hat biziň ýüreklerimize ýazylandyr. Ol hemmelere mälimdir, ony hemmeler okap-da bilýär. |
| 3 |
| Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr. |
| 4 |
| Bu babatda Mesih arkaly Hudaýyň huzurynda biziň şeýle ynamymyz bardyr. |
| 5 |
| Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär. |
| 6 |
| Ol bize täze ähtiň hyzmatçylary bolmak ukybyny berdi. Bu äht ýazylan Kanun arkaly däl-de, Mukaddes Ruh arkaly berkidilendir. Çünki ýazylan Kanun ölüme höküm edýär, Mukaddes Ruh bolsa ýaşaýyş berýär. |
| 7 |
| Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa, |
| 8 |
| onda Hudaýa Mukaddes Ruh arkaly hyzmat etmekligiň şöhraty ondan parlak dälmidir?! |
| 9 |
| Eger adamlary höküm edýän hyzmat şöhratly bolan bolsa, onda adamlary Hudaýyň nazarynda aklaýan hyzmatyň şöhraty ondan-da beýikdir. |
| 10 |
| Çünki hemme zatdan beýik bolan şöhrat orta çykandan soň, ozalky şöhrat hiç bolup galdy. |
| 11 |
| Eger wagtlaýyn hyzmat şeýle şöhratly bolsa, onda müdimilik hyzmat ondan gör-bak näçe şöhratlydyr! |
| 12 |
| Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris. |
| 13 |
| Biz Musa ýaly däldiris. Ol ysraýyl halky öçügsilenýän şöhratyň soňuny görmesin diýip ýüzüni basyrýardy. |
| 14 |
| Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi Köne Äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar. |
| 15 |
| Musanyň kitaby hatda biziň günlerimizde okalanda-da, bu perde olaryň ýüregini basyrýar. |
| 16 |
| Ýöne Rebbe tarap öwrülenlerinde, bu perde syrylýar. |
| 17 |
| Reb Ruhdur. Rebbiň Ruhy nirede bolsa, azatlyk hem şol ýerdedir. |
| 18 |
| Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/003.mp3
13
3