Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Şonuň üçin özümize görkezilen merhemet saýasynda bu hyzmata ýetenimiz üçin, biz ruhdan düşmeýäris. |
| 2 |
| Gizlin, utançly ýollary ret etdik. Biz hile bilen gezmän, Hudaýyň sözüniň saplygyny bozman, hakykaty aýan edip, özümizi Hudaýyň huzurynda ähli adam ynsabyna maslahat berýäris. |
| 3 |
| Biziň Hoş Habarymyz perdeli-de bolsa, heläk bolanlar üçin perdelidir. |
| 4 |
| Hudaýyň keşbi bolan Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nury olary ýagtylandyrmasyn diýip, bu dünýäniň taňrysy imansyzlaryň akyllaryny küteldendir. |
| 5 |
| Çünki biz özümizi däl-de, Mesih Isany Reb diýip, özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip yglan edýäris. |
| 6 |
| Çünki «Tümlükden nur parlasyn» diýen Hudaý Mesihiň ýüzünde Hudaýyň şöhratyny tanamak nuruny bermek üçin biziň ýüregimizi ýagtylandyrdy. |
| 7 |
| Ýöne iň üstün gudratyň bize däl-de, Hudaýa degişlidigi bilinsin diýip, bu genji toprak gaplarda saklap ýörüs. |
| 8 |
| Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris. |
| 9 |
| Kowalanýandyrys, ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris. |
| 10 |
| Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini hemişe tenimizde göterýäris. |
| 11 |
| Çünki biziň ölümli tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz ― ýaşaýanlar Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys. |
| 12 |
| Şeýlelikde, ölüm bizde, ýaşaýyş bolsa sizde işleýär. |
| 13 |
| «Iman etdim, şonuň üçin gepledim» diýip ýazylyşyna görä, biz-de bu iman ruhuna eýe bolup iman edýäris, şonuň üçin-de gepleýäris. |
| 14 |
| Çünki Reb Isany Direldeniň bizi hem Isa arkaly direldip, siz bilen birlikde Öz öňünde duruzjagyny bilýäris. |
| 15 |
| Sebäbi Hudaýyň merhemeti kän adamlar arkaly köpelip, Hudaýyň şöhratyna şüküri artdyrar ýaly, ähli zat siziň üçindir. |
| 16 |
| Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris, gaýtam, daşky adamymyz bozulsa-da, içki adamymyz günbe-günden täzelenýär. |
| 17 |
| Sebäbi wagtlaýyn, ýeňil muşakgat biziň üçin juda artykmaç şöhratyň ebedi agramyny emele getirýär. |
| 18 |
| Sebäbi biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýänlere seredýäris, çünki görünýänler wagtlaýyn, görünmeýänler ebedidir. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/004.mp3
13
4