Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Hudaý merhemet edip, bize bu hyzmaty ynandy. Şonuň üçin-de, ruhdan düşmeýäris. |
| 2 |
| Biz aýyply bolany üçin gizlinlikde edilýän işleri ret etdik. Kezzaplyk etmeýäris, Hudaýyň Hoş Habaryny ýoýmaýarys. Tersine, hakykaty aç-açan yglan edip, Hudaýyň huzurynda hemmeleriň öňünde jogap bermäge taýyndyrys. |
| 3 |
| Eger biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz perdelenen bolsa, ol heläkçilik ýolundan barýanlar üçin perdelidir. |
| 4 |
| Bu dünýäniň hökümdary şeýtan iman etmedikleriň aňyny baglady. Şonuň üçin-de olar Hudaýyň keşbi bolan Isa Mesihiň şöhratynyň Hoş Habarynyň nuruny görüp bilmeýärler. |
| 5 |
| Biz özümiz barada däl-de, Isa Mesihiň Rebdigi barada wagyz edýäris. Özümizi bolsa Isanyň hatyrasyna siziň gullaryňyz diýip hasaplaýarys. |
| 6 |
| Çünki «Tümlükde nur parlasyn» diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp, Isa Mesihiň ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy. |
| 7 |
| Biz hazynalary özünde saklaýan toýun küýzeler kimindiris. Şonuň üçin-de, bu ajaýyp gudratyň bizden däl-de, Hudaýdandygy äşgärdir. |
| 8 |
| Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys; biz çykgynsyz ýagdaýa düşýäris, ýöne ruhdan düşmeýäris; |
| 9 |
| yzarlanýarys, ýöne terk edilmeýäris; urulýarys, ýöne öldürilmeýäris. |
| 10 |
| Isa Mesihiň ýaşaýşy bedenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini elmydama bedenimizde göterýäris. |
| 11 |
| Biziň pany bedenimizde Isa Mesihiň ýaşaýşy aýan bolsun diýip, bizi, ýagny dirileri elmydama Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrýarlar. |
| 12 |
| Siziň ýaşaýyş tapmagyňyz üçin, biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaga-da taýyndyrys. |
| 13 |
| Zeburda: «Iman etdim, şonuň üçin gürledim» diýip ýazylgydyr. Şol imanyň ruhy arkaly biz-de iman edýäris, şonuň üçin-de gürleýäris. |
| 14 |
| Biz Reb Isany ölümden direlden Hudaýyň bizi hem Isa bilen bilelikde direldip, siz bilen birlikde Öz huzurynda goýjakdygyny bilýäris. |
| 15 |
| Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder. |
| 16 |
| Şoňa görä-de, biz ruhdan düşmeýäris. Biziň daşky barlygymyz könelse-de, içki barlygymyz günsaýyn täzelenýändir. |
| 17 |
| Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar. |
| 18 |
| Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/004.mp3
13
4