Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris. |
| 2 |
| Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris. |
| 3 |
| Ýöne gökdäki mesgenimize beslenmänkäk pany çadyrymyzdan dynmaly bolaýsak-da, asla ýalaňaç bolmajakdygymyza gözümiz ýetýär. |
| 4 |
| Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris. |
| 5 |
| Çünki Hudaý bizi baky ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin ýaradyp, munuň kepili hökmünde bize Mukaddes Ruhuny berdi. |
| 6 |
| Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys. |
| 7 |
| Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys. |
| 8 |
| Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris. |
| 9 |
| Emma pany bedende ýaşasak-da, baky mesgene beslensek-de, Hudaýyň göwnünden turmagy maksat edinýäris. |
| 10 |
| Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys. |
| 11 |
| Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar. |
| 12 |
| Biz ýene-de öňüňizde öwünmekçi bolamzok. Ýöne päk ýürekleri bilen däl-de, daşky görnüşi bilen öwünýänlere jogap berip, biz babatda öwnüp bilmegiňiz üçin size tutaryk berýäris. |
| 13 |
| Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir. |
| 14 |
| Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. |
| 15 |
| Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi. |
| 16 |
| Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys. |
| 17 |
| Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi! |
| 18 |
| Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy. |
| 19 |
| Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy. |
| 20 |
| Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň! |
| 21 |
| Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/005.mp3
13
5