Turkmen 2002 Latin
|
| 1 |
| Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalbarýarys. |
| 2 |
| Çünki Ol: «Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim» diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir. |
| 3 |
| Biz gullugymyz käýinje sezewar bolmaz ýaly, hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolman, |
| 4 |
| her zatda Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümizi maslahat berýäris: agyr çydamlarda, muşakgatlarda, mätäçliklerde, çykgynsyz ýagdaýlarda, |
| 5 |
| taýaklanmalarda, tussaglarda, aýaga galmalarda, azaplarda, ukusyzlyklarda, orazalarda; |
| 6 |
| tämizlikde, bilimde, sabyrda, ýagşylykda, Mukaddes Ruhda, hilesiz söýgüde, |
| 7 |
| Hakykat sözünde, Hudaýyň güýjünde, sagda hem çepde dogrulyk ýaraglary bilen, |
| 8 |
| abraý we biabraýçylykda, betnamlyk we tarypda özümizi Hudaýyň gullukçylary hökmünde maslahat berýäris. Biz ýalançy hasaplansak-da, hakykaty sözleýändiris. |
| 9 |
| Nätanyş ýaly bolsak-da meşhurdyrys; öli ýaly bolsak-da diridiris; jeza çeksek-de, öldürilen däldiris. |
| 10 |
| Gaýgyly bolsak-da, hemişe şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zady ýok ýaly bolsak-da, ähli zada eýediris. |
| 11 |
| Eý korintoslylar, biziň sözümiz size açyk, göwnümiz giňdir. |
| 12 |
| Sizden öz mährini aýaýan biz däl-de, bizden mährini aýaýan sizsiňiz. |
| 13 |
| Muňa derek size öz balalarym hökmünde aýdýaryn, siz hem göwnüňizi giň tutuň. |
| 14 |
| Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň. Çünki dogrulygyň şer iş bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar? |
| 15 |
| Mesihiň Belial bilen näme agzybirligi bar? Ýa-da imanlynyň imansyz bilen näme paýdaşlygy bar? |
| 16 |
| Hudaýyň ybadathanasynyň butlar bilen näme ylalaşygy bar? Çünki siz diri Hudaýyň ybadathanasysyňyz; Hudaý bolsa: «Olaryň arasynda mekan tutup gezerin, Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolar» diýipdir. |
| 17 |
| Reb şeýle diýýär: «Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin». |
| 18 |
| Her zady başarýan Reb: «Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul -gyzlarym bolarsyňyz» diýýär. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2002/2corinthians/006.mp3
13
6