Mukaddes Kitap Latin 2016
|
| 1 |
| Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň. |
| 2 |
| Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir! |
| 3 |
| Biz hyzmatymyz abraýdan düşmesin diýip, hiç kimiň büdremegine sebäp bolamzok. |
| 4 |
| Tersine, ähli zatda özümizi Hudaýyň hakyky hyzmatçylary hökmünde äşgär edýäris. Biz muşakgatlara, mätäçliklere, çykgynsyz ýagdaýlara, |
| 5 |
| urlup-ýenjilmelere, tussag edilmelere, pitnelere, agyr zähmete, ukusyz gijelere, aç-suwsuzlyga sabyr-takatlyk bilen çydaýarys. |
| 6 |
| Biz muny päklik, bilim, tutanýerlilik, rehim-şepagat, Mukaddes Ruhuň barlygy, çyn söýgi, |
| 7 |
| hakykat habary, Hudaýyň güýji arkaly subut edýäris. Dogrulyk — biziň ýaragymyz. Biz ony hem sag, hem-de sol elimizde göterýäris. |
| 8 |
| Adamlar bizi sylasalar-da, kemsitseler-de, myjabat ýapsalar-da, öwseler-de — biz barybir Hudaýa hyzmat edýäris. Olar bizi ýalançy saýýarlar, ýöne biz hakykaty sözleýändiris. |
| 9 |
| Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris; |
| 10 |
| ynjatsalar-da, elmydama şatdyrys; garyp bolsak-da, köpleri baýadýandyrys; hiç zadymyz bolmasa-da, ähli zada eýediris. |
| 11 |
| Eý, korintoslylar! Biz siziň bilen aç-açan gürleşdik, size ýüregimizi açdyk. |
| 12 |
| Sizden söýgimizi aýamasak-da, siz bizden öz söýgiňizi aýaýarsyňyz. |
| 13 |
| Men size hut öz çagalaryma ýüzlenýän ýaly ýüzlenýärin: biz ýüreklerimizi size açyşymyz ýaly, siz-de ýürekleriňizi bize açyň. |
| 14 |
| Iman etmedikler bilen bir boýuntyryga girmäň! Dogrulygyň pislik bilen näme şärikligi bar? Ýa-da nur bilen tümlügiň näme umumylygy bar? |
| 15 |
| Isa Mesih bilen şeýtanyň arasynda ylalaşyk, heý-de, bolup biljek zatmy? Imanly bilen imansyzyň näme şärikligi bar? |
| 16 |
| Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn. |
| 17 |
| «Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da olardan aýrylyň. Muny Reb diýýär. Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin» |
| 18 |
| «Men size Ata bolaryn siz hem Meniň ogul-gyzlarym bolarsyňyz». Muny Hökmürowan Reb diýýär. |
|
| Bellikleri Ýazdyryň |
https://beblia.bible:81/BibleAudio/turkmenlatin2017/2corinthians/006.mp3
13
6